Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SÜŇK DÖWÜGINI BITIRMEGIŇ ÇÄRELERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Siz süňküňiz döwüleninden lukmana ýüz tutanyňyz gaty dogry. Lukman Size ilkinji kömegi we esasy bejergi bolan gips longetany goýup bereni hem begendirýär. Indiki etmeli işiňiz bolsa fizioemleri ulanmakdan ybaratdyr. Fiziobejergi süňk döwüginiň Size ýetirýän ýaramaz duýgularyny aýryp, döwügiň çalt bitmegine ýardam berer.

Ultra ýokary ýygylykly elektromagnit meýadanynyň täsiri.

Bu görnüşli bejergide elektromagnit meýdany dokumalara täsir edip, olary gyzdyrýar. Dokumalardaky täzeden dikeldilme hadysalary güýçlenýär, agyrylar peselýär.

Eliň aýasyna ultramelewşe şöhleleriň täsiri.

Bejerginiň bu görnüşinde D witaminiň emele gelmesi güýçlenýär. D witamini bolsa kalsiý duzlarynyň bedende çalt özleşmegini üpçün edýär.

Kalsiý serişdesi bilen geçirilýän elektroforezyň täsiri.

Elektromagnit meýdanyň täsiri bilen položitel zarýadly (himiýa dersini ýadyňyza salyň) kalsiý duzlary deriň üsti bilen dokumalara barýar we bedendäki kalsiý duzlaryň mykdaryny ýokarlandyrýar. Şoň esasynda hem zeperlenen süňk dokumasynyň bitmegi güýçlenýär.

Fiziobejergi diňe lukman tarapyndan bellenilmeli bejergidir. Fiziobejergi otaglarynda bejergi almak üçin degişli saglyk öýüňize ýa-da golaýdaky hassahana ýüz tutup bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2962 gezek okalan