Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

EGNIŇ ÇYKMAGYNYŇ GAÝTALANMAGYNYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň beýan eden ýagdaýyňyza "egniň gaýtalanýan çykygy" diýilýär. Egin bogny bedende iň köp hereket edýän bogundyr. Gaýtalanýan çykyk diýip, şikesden soň emele gelen ilkinji çykykdan soň gaýtadan dörän çykyga aýdylýar. Käbir adamlarda bu görnüşli çykygyň ýygylygy günde bir näçe gezege çenli hem ýetýär. Her gezekki çykykdan soňra bogundaky üýtgeşmeler artyp, çykyklaryň ýygylygy has köpelip başlaýar. Gaýtalanýan çykyklar köplenç 20 ýaşa çenli ýaş adamlarda duşýar.

Sebäpleri:

► Ilkinji çykygyň agyr ýagdaýda bolmagy;

► Ilkinji çykygyň ýeterliksiz derejede bejerilmegi;

► Lukmançylyk kömegine giç ýüz tutulmagy;

► Immobilizasiýanyň (gips, berkitmeler, daňylar) wagtyndan ir aýrylmagy.

Bejergi çäreleri

Gaýtalanýan çykyklar näsagda ýylda 2 gezekden köp bolsa, onda göniden – göni operatiw bejergä görkezme bolýar. Operatiw bejergi usullaryň häzirki döwürde 300-den gowragy belli bolsa hem, iň amatlysy utgaşdyrlan usul bolup durýar. Operatiw bejergi we maslahat üçin Siz trawmatolog lukmana ýüz tutmaly bolarsyňyz.

Operasiýadan soňky döwürde gaýtadan dikelme döwrüniň (reabilitasiýa) geçişine uly üns berilmelidir. Reabilitasiýanyň maksady – egniň myşsalaryny berkitmekdir. Dikeldilme döwrüniň möhleti 2–4 aý aralygynda geçip, 6 aýdan soň bognuň doly möçberde işjeňligini ýüze çykaryp bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2718 gezek okalan