Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"DYZA DUZ ÝYGNANMA" BARADA HAKYKAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (42 Ses)

Hormatly okyjy!

Hakykata seretsek, adaty lukmançylykda "dyza duz ýygnama" diýen düşünje ýok. Bu düşünje halk lukmançylygyndan geldi. "Dyza duz ýygnanma" keseliň hakyky ady "Dyz bognuň gonartrozy ýa-da osteoartrozydyr".

Bu kesel köplenç şikesden soň, bogna aşa agram salnanda ýa-da lukmana has giç ýüz tutulanda kem-kemden ýüze çykyp başlaýar. Ilkinji alamatlaryň arasynda şu aşakdakylary tapawutlandyryp bolýar:

→ Bogna agram salnanda agyry we ýaramaz duýgular ýüze çykyp başlaýar. Agyry injige we dabana çenli ýaýraýar.

→ Hereket edilende agramlylyk duýgusynyň bolmagy. Irden turaňyzda dyz bognuny birnäçe gezek epläp ýazmasaň adaty hereketiň dikeldilmezligi.

→ Bogny epeňde hütürdemegi.

→ Dyz bogunda çişiň bolmagy.

→ Dyz bognunyň hereketiniň çäklenmegi (doly epip ýa-da ýazyp bolmazlygy).

Keseliň bejerilşi derejesine bagly bolup, derman serişdeler (konserwatiw bejergi) bilen bejergini ýa-da hirurgiki usullary talap edip biler. Keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykyp başlanda lukman tarapyndan fiziobejergiler, owkalama, manual bejergi we berhiz ýaly çäreler bellenilýär.

Derman bejergide köplenç bogny dikeldiji derman serişdeleri belläp başlaýarlar. Ondan başga damarlary giňeldiji derman serişdeler, steroid däl gaýnaglama garşy serişdeler (ýerli ulanyş üçin) we kortikosteroid gormonlar agyryny aýyrmak maksady bilen bellenilýär.

Operatiw usuly konserwatiw usuldan peýda bolmadyk ýagdaýda ulanylýar:

► Artroskopiki debridment – bu usulda hirurg ýörite guralyň kömegi bilen agyry duýgusyny döredýän dargan bognuň böleklerini aýyrýar. Bu operasiýa ýylda iki gezek geçirilýär. Operasiýanyň gowy tarapy – adama uly şikes ýetirilmeýär.

Bogna endoprotez goýmak usuly – bu usulda bogny tutuşlaýyn demirden, plastmasdan ýa-da jäşden ýasalan protez bilen çalyşmak göz öňüne tutulýar. Esasan hem doly dargan we beýleki usullar bilen dikeldip bolmadyk dyz bogunda şu görnüşli operasiýa edilýär. Netijede, bogun öz hereketini dikeldýär, emma emeli proteze öwrenişmek üçin adam öz durmuşyna mahsus üýtgeşmeler girizip, ýuwaş-ýuwaşdan uýgunlaşyp başlamaly bolýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 7078 gezek okalan