Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BOGUNLAR NÄME ÜÇIN ŞYRKYLDAÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.56 (34 Ses)

Hormatly okyjy!

Bogunlaryň şyrkyldamagy kadada syn edilip bilner. Onuň birinji sebäbi, hereket edilende bogunlardaky siňiriň ýagdaýynyň üýtgedilmegidir. Siňir öz ýerine baranda şyrkyldy eşdip bolýar. Ikinji sebäbi bolsa, bogunlarda gaz düwmejikleriniň ýygnanmagydyr. Bogunlarda nemlendiriji höküminde bogun suwuklygy saklanýar. Bu suwuklykda azot, kislorod we kömürturşy gazy ergin halynda saklanýandyr. Hereket netijesinde bogun torbasy süýnen halatynda gazlar düwmejikleri emele getirip, olaryň ýarylmagy şeýle "sesleriň" döremegine sebäp bolup bilýändir.

Başga tarapdan bolsa, bogunlaryň sowuklamagy (artrit), bogunlaryň üýtgemegi (artroz), bogunlary gurşap alýan dokumalaryň (myşsalar we baglaýjylar) şikeslenmegi hem hereket wagtynda bogunlarda döreýän şyrkyldylaryň sebäbi bolup bilýändir.

Trawmotolog lukmanlarynyň bellemegine görä, bogunlaryň şyrkyldamagy diňe agyrylar, bogun çişmeleri bilen utgaşan ýagdaýynda bejerilmelidir. Eger siziň belleýşiňiz ýaly, hereket etmeler oňurganyň, topugyň, dyzyň ýa-da barmaklaryň şyrkyldysyny ýüze çykaryp, agyryly alamatlar ýok bolsa, onda biynjalyk bolmana esas ýokdur. Bu bogunlaryň hereketjeňligi we olaryň töwereginde ýerleşýän ýumşak dokumalaryň ýerleşişi, bogunlar sag bolan halatynda hem, hereketde “ses” döretmäge ukyplydyr. Meselem, topuk üç süňkden ybaratdyr, oňurgalar bolsa azhereketlidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4593 gezek okalan