Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BOÝUŇ ÖSMEGINI NÄHILI TOGTATMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Boýuň ösmegi nesil yzarlaýjylyk häsiýete hem eýe bolup, elbetde boýuňyz ene-ataňyzyň boýlarynyň görkezijilerine görä ösüp biler.

Adamynyň boýy beýnidäki gipofiz mäziniň öňki böleginiň işläp çykarýan somatotrop gormonynyň täsiri bilen ösýändir. Nesil yzarlaýjylyk sebäpler bolmanda, bu gormon beýniniň şikeslenmelerinde, gipofiziň täze döremelerinde aşa köp işläp çykarlyp biler.

Ýörgünli bolan pikirlere görä, boýuň ösmegini togtatmak üçin berhiz tutmak, kalsiý mineralynyň kabul edilşini çäklendirmek dogry hasaplanýar. Ýöne bu beýle däldir.

Boýuň ösmegini togtatmak maksady bilen testosteron gormonyny belleme çäresi hem geçirilýär. Ondan başga-da, sport bilen meşgullanyp, myşsalary türgenleşdirme hem maslahat berilýär. Şeýle edilende, biz gormonyň täsirini bedeniň "ýasylaýyn ösmegine" tarap öwürýäris we boý uzyn bolup görünmeýär.

Boýuň aşa ösmeginiň sebäbini anyklamak üçin endokrinolog lukmanyna ýüz tutmak zerurdyr. Ol siziň gormonal durkuňyzy öwrenip, boýuň ösmeginiň sebäplerini anyklamaga we degişli çäreleri kesgitlemäge kömek edip biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4384 gezek okalan