Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

HAÝSY ÝAGDAÝDA ÝATMAK DOGRY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (18 Ses)

Hormatly okyjy!

Ortoped lukmanlaryň bellemegine görä, uklanda adamynyň arkan we gapdallaýyn ýatmagy saglyk üçin has ýaramly bolup durýandyr we onuň içki agzalaryň ýagdaýyna ýaramaz täsiri ýokdur. Ýüzin (garnyň üstünde) ýatmagy halaýan adamlar onuň saglyk üçin oňaýly däldigini we oňurganyň üýtgemegine getirip biljekdigini ýatda saklamalydyr. Uklanyňda gowy dynç almak üçin aşa ýumşak bolmadyk ýerde (düşek) ýatmak maslahat berilse hem, hemme adamlara, esasan hem oňurga bilen bagly kynçylyklary bolan adamlara bu amatly bolmaýar. Şonuň üçin hem her adam özüniň dynç almagy üçin ýaramly düşegi saýlamalydyr.

Arkan ýatylanda oňaýly bolar ýaly şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr:

► Özüňize ýaramly düşekde arkan ýatyň, kiçijik ýassyjagy dyzyňyzyň aşagyna goýuň. Dyzyňyzy biraz epiň we endamyňyzy gowşadyň.

► Biliňiziň aşagyna oňurganyň bil bölümine söýget bolar ýaly ýumşak, uly bolmadyk ýassyjagy (ýa-da ýumşak zady düýrläp) goýuň. Oňurganyň şeýle ýagdaýy onuň gyşarmagynyň, üýtgemeleriniň öňüni alýar.

► Ýatylýan ýassyk orta ýumşaklykda bolmalydyr we örän beýik bolmaly däldir. Kelle bilen oňurga bir tekizlikde ýerleşmelidir.

Gapdal ýatylanda şu şertleri berjaý etmek peýdalydyr:

♦ Sag ýa-da çep gapdalyňyza ýatyň. Ýüzüňizi erkin dem almak üçin biraz öňe egmelidir.

♦ Aýagyňyzy dyzyňyzda epläp, dyzlaryňyzyň arasyna ýassygy (çanaklyk oňurga bilen bir tekizlikde ýerleşer ýaly) goýuň. Uklanyňyzda aşa epilip, düýrlenip ýatmakdan saklanyň.

♦ Uzak wagtlap bir tarapyňyzda ýatmakdan gaça duruň. Bit tarapdan beýleki tarapa öwrülmäge çalşyň. Bir tarapyňda ýatmak oňurganyň, döş kapasasynyň gyşarmagyna, arkada agyrylaryň döremegine sebäp bolup biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 1900 gezek okalan

Teswirler (4)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Okyyjy

Salam hormatly dogtar size soragym bar ujytdan cykyan durtik yaly yarany nadip ayrmaly ozem gijeletya name maslahat beryaniz ujytyn yumurta haltajygyndanam bir cis bar olam gysam ulanya

 
  1. Mekan

Salam Lukman.<br />Menin sag tarap goltugymyn we pilcamin ic tarapyndan erbet sancyar aram aram su gunler kopelip ugrady. Oykenmi bashga zatmy hic dusunemok name maslahat beryaniz we nameden bu sanjy?

 
  1. Bora

Salam Hormatly Lukman. Lukaman men oylenenime 3ay boldy. Gelnimde caga galanok. Gownime bolmasa kemcilik mende bar yaly,bejergi ucin nirak barsam bolar.

 
  1. Bora

Salam Hormatly Lukman. Luk man men oylenenime 3 Ay boldy gelnimde caga galanok. Gownume bolmasa mende bir kemcilik bar yaly, ozumi barlatmaga nirak barsam borka

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location