Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

TEBIBDEN SOŇ LUKMANYŇ MASLAHATY GEREKMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam hormatly lukmanlar! Meniň bir ýaşlyja gyzjagazym  ýykylyp elini çykardy. Biz ony tebibe äkidip ýerine saldyrdyk. Tebibe soň hem görkezsek, hemme zadyň gowydygyny aýtdy.  Çagamyzyň elinde soňundan şikes galyp bilermi we bize lukmanyň maslahatyny almak hökmanmy?

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Islendik şikeslenme, onuň häsiýetine garamazdan lukmanyň barlagyny we maslahatyny talap edýändir. Kiçijik gyzjagazyňyzda dörän çykygyň tebip tarapyndan üstünlikli ýerine salnandygy barada ýazýarsyňyz. Ýöne tebibiň lukman däldigini we bogunlaryň, olaryň daş-töweregini gurşap alýan dokumalar, nerw süýümleri barada  biliminiň ýokdugyny bilmelisiňiz.

Bogun üstleriniň biri-birine görä ýagdaýyny üýtgetmegi, ýagny çykygyň ýüze çykmagy bogny saklaýan siňirleriň şikeslenmegi, ýakynda ýerleşýän gan damarlarynyň basylmagy ýa-da üzülmegi bilen utgaşyp biler. Ondan başga-da, çykyk ýerine salnanda  ýakynda ýerleşýän nerw süýümlerini zeperlendirip, hereket etmäni we düýüjylygy peseldip bilýändir. Çykyklar ýerine salnanda döreýän gaýraüzülmelere bogny gurşap alýan bardanyň  ýyrtylmagy we süňkleriň gyrasyndan döwülmegi degişli edilip bilner. Wagtal-wagtal döreýän endikli çykyklar hem çykyklaryň düzedilmegi netijesinde bogun üstleriniň biri-birine deň getirilmedik ýagdaýy netijesinde döreýändir.

Çykygyň dogry ýerine salnandygyny we soňundan bolup biljek gaýraüzülmeleriň öňüni almak üçin size  çaga trawmatolog lukmanyna ýüz tutmagyň peýdaly boljakdygyny belläsim gelýär. Ol salnan bognuň  rentgen barlagyny geçirip, size degerli maslahatyny berer.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 536 gezek okalan