Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

OŇURGA INGISI NÄMEDEN DÖREÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.80 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Oňurgara ingileri dürli sebäplere görä ýüze çykyp biler:

  • Garrylyk döwri. Elbetde, bu döwürde könelişen oňurgara diskleri dürli şikeslenmelere çydamsyz bolýar.
  • Aýallarda bu oňurga şikeslenmesiniň has köp duş gelýänligi bellenilýär. Onuň hem sebäbini aýalyň öz durmuşynda köp gormonal üýtgemelere sezewar bolýandygy, göwrelilik döwründe oňurga agram salmalaryň bolup bilýänligi bilen düşündirip bolar.
  • Oňurganyň şikeslenmeleri (oňa urulmalar, basylmalar) we onda dürli sebäplere görä geçirilen operatiw bejergiler.
  • Ýokary fiziki işjeňlilik we köp gaýtalanýan şol bir hereketler. Meselem, uzak bir ýagdaýda oturmak, ýygy-ýygydan agyr ýükleri götermek, oňurgany uzak wagtlap egmek. Şunuň hem sebäbi oňurga diskleriň fibroz süýümleriniň belli bir fiziki agramlylygyň derejesine we oňurganyň hereketjeňliginiň belli bir göwrümine çydamly bolup, aşa agramlylygyň olary şikeslendirip biljekdigi bilen düşündirilýär.
  • Oňurganyň baglaýjy süýümlerini we diskleri berkidip biljek kadaly fiziki maşklaryň, hereketleriň ýetmezçiligi. Onuň hem sebäbiniň oňurgara diskde gan damarlarynyň ýoklugy we iýmit maddalaryny onuň oňurgalary gurşap alýan dokumalardan "siňdirip" alýanlygy bilen düşündirilýär. Oňurganyň kadaly hereketlerinde diskiň "iýmitlenmesi" ýokarlanýandyr.
  • Çilimkeşlik, neşekeşlik hem wagtyň geçmegi bilen oňurgara diskleriň "iýmitlenmesini" erbetleşdirip biler.
  • Semizlik ýagdaýy – ylmy taýdan doly subut edilmedik bolsa hem, semizligiň fiziki maşklar bilen meşgullanmak mümkinçiligini peseldýänligi bellidir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3447 gezek okalan