Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝASY DABANY NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýasydabanlyk – bütin ömrüňe dowam edýän bozulma bolup, ondan doly sagalma diňe çagalyk döwründe geçirilýän bejergi çäreleri esasynda mümkindir. Uly adamlarda bolsa ýörite dikeldiş çäreleri netijesinde bozulmalaryň ýüze çykma derejesini peseldip, onuň agyr gaýraüzülmeleriniň öňüni alyp bolar.

Keseliň alamatlary näçe ir ýüze çykarylsa, şonça hem ýasydabanlylygyň beterleşmeginiň öňüni alma mümkinçiligi köpelýär. Bejergi çäreleri derman serişdelerini ulanma, fizioemleri, owkalamany, myşsalary we baglaýjy dokumany berkidip, dabanyň süňkleriniň ýagdaýyny kadalaşdyrýan bejeriş maşklary geçirmegi öz içine alýar. Maşklar bellenilende dabanyň görnüşi, näsagyň ýaşy ony biynjalyk edýän alamatlar göz öňüne tutulyp, olaryň dowamlylygyny kesgitlemek üçin ortaped lukmanyň maslahaty gerekdir. Ýasydabanlylygyň beterleşmeginiň öňüni almakda ýörite ortapediki petekleriň kömegi uludyr. Olar ýörite barlagdan geçip, dabanyň ululygy we ýasydabanlygyň derejesi kesgitlenenden soň, her näsag üçin aýratyn taýynlanýandyr.

Ýasydabanlygyň gaýraüzülen görnüşlerinde bolsa, näsaga ýörite taýynlanan ortapediki aýakgaby geýmek maslahat berilýär. Dowam edýän agyrylar bilen utgaşýan ýasydabanlygyň öte geçen derejelerinde ýa-da uly barmagyň görnüşiniň üýtgän ýagdaýlarynda hirurgiki bejergini geçirmek zerurlygy döreýär.

Size ýasydabanlygyň derejesini anyklap, özwagtynda bejeriş we dikeldiş çärelerini geçirmek üçin ortaped lukmanlara haýal etmän ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, Lukman.

  • 2942 gezek okalan