Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AÝAK KESELI
Hormatly okyjy!
Bir aýagyň çişmegi (Sizde topugyňyzdan aşagy çişýär) alnan şikeslenmeler, gan damarlaryň trombozy (gan lagtasy bilen ýapylmagy), guragyry ýa-da birleşdiriji dokumany zeperlendirýän immun keselleri netijesinde ýüze çykyp biler.
Siziň aýagyňyzyň çişginliligi başga alamatlar (bogunlaryň, süňkleriň agyrysy) bilen utgaşýarmy?
Aýagyň çişginliliginiň sebäplerini anyklamak üçin barlagy dowam edip, rewmatolog hem-de damar kesellerini bejerýän hirurg lukmanyna ýüz tutmagyňyzy we goşmaça barlaglary (aýaklaryň gan damarlarynyň doppler barlagyny, ganyň guragyra, brusellýoz keseline barlagyny) geçmegiňizi maslahat berýäris.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 8042 gezek okalan