Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DYZYŇ AGYRMAGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Dyz bognunda ýüze çykýan agyrylar dürli sebäplere görä döräp biler. Onda döreýän agyrylar, dyz bognunyň alawlama keseliniň, bogun dokumasynyň dargamagy bilen geçýän artroz keseliniň, bogun meniskiniň zeperlenmelerinde, bogun siňirleriniň sowuklamasynda, bogunda gan aýlanşygyň bozulma ýagdaýlarynda, esasy alamat höküminde ýüze çykyp bilýändir. Ýöne dyzyň iç ýüzünde döreýän agyrylar, esasan, dyz bognunyň siňirleriniň sowuklamasynyň alamaty höküminde kabul edilýändir. Dyz bognunyň ýagdaýyny anyklamak üçin bognuň rentgen barlagyny geçirip, trawmotolog lukmanlarynyň maslahatyny almak ýerlikli bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3466 gezek okalan