Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AGYRYLY ÖKJE ÖSÜNTGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (8 Ses)

Hormatly okyjy!

Ökje süňküniň daban tarapynda emele gelýän süňk ösüntgileri dabanyň ýumşak dokumalaryny basyp, güýçli agyrylaryň döremeginiň sebäbi bolup bilerler. Ökje ösüntgisiniň uzynlygy 3-4 mm-den 12 mm-e barabar bolup, ösüntginiň ýiti tarapy biraz ýokary eplenen bolup, ol barmaklara tarap gönükdirilendir. Eger ökjede ýüze çykýan agyrylaryň sebäbi bu ösüntgiler bolsa (ökjede agyrylar gury agyry artridinde, Behterewiň keselinde, Reýteriň keselinde hem döräp bilýär), bejergi çäreleriniň tapgyryny geçirip, gözegçilik etmek maslahat berilýär. Bejergi usullaryna palçyk ýapgylary, ultrasesiň täsiri, mineral suwuň täsiri ýaly fizioemleri, ökjä kortikosteroid sanjymlary etmek, rentgen şöhleleri bilen täsir etme degişlidir. Ondan başga-da, ýörite köwüş peteklerini geýmek maslahat berilýändir. Bejergi çäreleriň netijesiz bolan halatlarynda hirurgiki usul bilen süňk ösüntgileri aýrylýandyr. Siz üçin zerur bolan bejerginiň görnüşini kesgitlemek üçin trawmotolog lukmanyna ýüz tutmak peýdaly bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4221 gezek okalan