Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
BILIM AGYRÝAR
Hormatly okyjy!
Etrap hassahanasynda Siz nähili barlaglardan geçdiňiz? Kesel kesgidini anyk goýma başartmadyk ýagdaýynda, has giňişleýin barlag çärelerini geçirme zerurlygy döräp biler. Oňurgaara döräp biljek inginiň bardygyny ýa-da ýoklugyny anyklamak üçin magnit rezonans tomografiýa barlagyndan geçme gerekli maglumatlary berip, birnäçe güman etmeleri aradan aýryp biler. Size gaýtadan neýrohirurg lukmanlaryna ýüz tutmak gerekdir.
Şeýle-de, bilde döreýän agyrylaryň sebäbinden söz açýan, saýtymyzda ýerleşdirilen "Bilde döreýän agyrylaryň sebäpleri we alamatlary" atly makala bilen tanyşmaklygyňyzy maslahat berýäris.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 3538 gezek okalan