Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAÇ DÜŞMÄ GARŞY NÄME ÇÄRE BARKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (18 Ses)

Hormatly Durdy!

Saçyň seýreklemegi we düşmegi deri ýokançlyklarynyň, endokrin ulgamynyň näsazlyklarynyň, genetiki töwekgelçiliginiň netijesinde ýüze çykyp biler.

Häzirki wagtda saçyň düşmeginiň öňüni almakda derman serişdeleri (ewkanil, minoksidil, prokapil, trikoksen, emodil losýony), ozenoterapiýa, lazer bilen bejergi, mezoterapiýa (dermany derä goýbermek) usullary ulanylýar.

Saçy oturtmagyň hem her adam üçin görkezmeleri bolup, ol dürli usullarda geçirilýändir. Saç follikulalaryny oturtmak bilen meşgullanýan merkezleriň Aşgabatdaky salgylary barada bizde maglumat ýok. Ol merkezleriň Sankt-Peterburgda, Moskwada, Tbilisiýada işleýänligi bize bellidir.

Saçyňyzyň düşmeginiň sebäbini we öňüni alyş usullaryny anyklamak üçin triholog lukmana ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Bu babatda has doly maglumat almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Saçyň düşmeginiň sebäpleri we bejergisi" atly makalany okamagyňyzy maslahat berýäris.

Saýtyň lukmany.

  • 6815 gezek okalan