Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄDIP SEMRÄP BOLARKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Hormatly Öwez!

Bedeniň agramynyň ýetmezçiligi köp sebäplere görä döräp biler. Eger iýmit-siňdiriş agzalaryň keselleri, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary, ýokumlylygy pes bolan iýmitlere ýykgyn etmek ýaly sebäpler aradan aýrylan bolsa, Size agramyňyzy artdyrmaga kömek eder ýaly birnäçe maslahatlary berip bileris:

  1. Ýygy-ýygydan, her 2-3 sagatdan iýmitleniň. Iýmitiňize ýokumlylygy ýokary bolan iýmitleri, içgileri (ak çörek, ýer almasy, şüleler, et, balyk, guş eti, ýumurtga, gaýmak, noýba önümleri we ş.m.) goşuň. Siz iýmit bilen beloklaryň, ýaglaryň, uglewodlaryň, witaminleriň ýeterlik derejesini kabul etmelisiňiz.
  2. Bedeniňizde ýag köpelmän, myşsa ösdürýän maşklary ýerine ýetiriň. Bu maşklary bedeni taplaýjy dürli enjamlaryň (gantel, trenažýorler, turnik) kömegi bilen tälimçiniň maslahatyndan soň ýerine ýetirseňiz dogry bolar.
  3. Her nahar iýeniňizden soň dynç alyň. Ukyňyzy wagtynda alyň. Streslerden gaça duruň.
  4. Öz düzüminde beloklary we uglewodlary  saklaýan iýmite goşundylary (hiline üns beriň) ulanmak hem ýerlikli bolar.

Şu düzgünlerden düzülen meýilnamanyň kadaly ýerine ýetirilmegi, wagtyň geçmegi bilen Siziň agramyňyzyň artmagyna we bedeniňiziň üýtgemegine kömek eder.

Erkeklik gormonlarynyň ulanylmagy hem myşsa agramyny artdyryp biler. Gormonyň ulanylmagyna görkezmäni we mukdary diňe lukman kesgitläp biler.

Saýtyň lukmany.

  • 4536 gezek okalan