Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
HOR BEDENI NÄDIP DAÝAWLANDYRMALY?
"Salam lukman! Men 22 ýaşly oglan. Menin agramym 56 kg we ýaşyma garanymda daşymdan hor görünýän. Meniň semiz dälde, daşymdan daýaw bolasym gelýär. Işdäm gowy bolsa hem, iýenim bedenime siňmeýän ýaly. Men näme sebäpden agramymy alyp daýawlaşmaýarkam? Onuň üçin nähili iýmitlenmeli we haýsy witaminleri kabul etmeli?"
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy!
Dogrudan hem, aýallar üçin artykmaç agramlylygyň uly alada bolşy ýaly, erkek adamlar üçin hem beden agramynyň ýetmezçiligi wajyp mesele bolup durýar. Esasan hem bedeniň kämilleşýän 17-30 ýaş aralygy syratly, daýaw, myşsalary ýeterlik ösen bedenli bolmaga ymtylýarlar.
Beden agramyny almak üçin öz iýmit düzgüniňizi, ýaşaýyş tertibiňizi, fiziki işjeňliligiňizi üýtgetmezden öň, siz üçin kadaly beden agramyny anyklamak zerurdyr. Dowamly keselleri bolmadyk adam üçin kadaly agramy indiki ýönekeý formula bilen anyklaýarlar: "Beden uzynlygy (sm) – 100". Meselem, 170 sm. boýly erkek adam üçin 70 kg agramly bolmak kada hasaplanýar. Ondan başga-da, lukmana ýüz tutup agram ýetmezçiligine getirip bilýän keselleri (galkan şekilli mäziň bozulmalary, iýmit-siňdiriş we endokrin ulgamynyň keselleri, gelmintoz we baş) anyklap bejermek zerurdyr.
Eger size beden agramynyň ujypsyz kilogramlaryny almak ýeterlik bolýan bolsa, ony siz az wagtyň dowamynda öý şertlerinde hem alyp bilersiňiz. Eger tapawut 10 kg-dan köp bolsa, onda agram almak aladasy çynlakaý çemeleşmäni we uzak wagty talap edip bilýändir.
Öz iýmitiňiziň mukdaryny we hilini üýtgediň. Kabul edýän iýmitiňiziň mukdaryny köpeldiň. Uglewod önümleri we beloklary kabul ediň, ýaglardan gaça duruň. Iýmit önümleriniň tertibini düzeniňizde önümiň kaloriýalylygyna (ýokumlylygyna) üns beriň. Günüň dowamynda 3-4 gezek iýmit kabul ediň. Ertirlik naharynyň ýokumlylygyna aýratyn üns beriň we ony gijikdirmäň. Iýmitlenmeleriň arasynda hem ýokumly önümler bilen (maňyzlar, gury ir-iýmişler, ýagly dorog, bal we baş) garbanyň. Öýde taýynlanan naharlary iýmäge çalşyň, çünki öý naharlary çalt özleşýär, olarda peýdaly witaminler we başga maddalar köp saklanýar.
Beloklar myşsalary gurýan esasy "gurluşyk" serişdesidir. Öz iýmitiňizi belokly önümler bilen baýlaşdyryň. Meselem, 20-25 ýaşly aram fiziki işjeňlikli ýigitlere 100-110 gramm belok gerek bolsa, agram almak üçin bu sana 60-80 gramm ýene goşmalydyr.
Ýöne siziň iýmitiňiziň mukdarynyň we ýokumlylygynyň köpeldilenine garamazdan, beden aýratynlyklaryna görä ýag gatlagy birmeňzeş ýaýraman, belli ýerlerde toplanyp, syratsyz bedeni emele getirip biler. Şeýle ýagdaý bolmaz ýaly ýörite maşklary ýerine ýetirmek zerurdyr.
Ýörite fiziki maşklary ýerine ýetirmäge çalşyň. Beden agramyny almak üçin güýç sarp edilýän maşklary belli bir tertipde ýerine ýetirmelidir. Bir gezekde beden myşsalarynyň 2-3 toparyny türgenleşdirip bolýandyr. Maşklary beden myşsalarynyň her toparynyň azyndan 1-2 gün dynç almagyny üpjün edip düzmelidir. 17-30 ýaş aralygyndaky erkek adamlar üçin beden agramyny almaga ganteller we ştanganyň kömegi bilen elleri türgenleşdirmek, gollaryň myşsalaryny agyr ganteller bilen işlemek, gantelli elleri iki tarapa sowup türgenleşme, turnikden çekilme ýaly maşklar kömek edip biler. Has gowy netijeleri almak üçin ştangany ulanyp geçirilýän maşklary geçirmek peýdalydyr. Ştanga bilen geçirilýän maşklar ýörite sport tälimçisiniň (trener) gözegçiliginde geçirilmelidir. Çünki ştanganyň nädogry ulanylmagy dyz çanaklaryň, oňurganyň şikeslenmegine getirip bilýändir.
Nämede bolsa, iýmitlenme tertibini dogry düzmek, belok bilen baýlaşdyrýan ýörite serişdeleri dogry ulanmak, beden agramyny dogry alar ýaly maşklaryň toplumyny doly düzüp ulanmak üçin ilkibada sport tälimçisiniň maslahatlaryndan peýdalanmak dogry we howpsuz bolar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 1093 gezek okalan