Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DODAKLAR NAME ÜÇIN ÝARYLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Dodagyň gurap ýarylmagy, soýulmagy esasan gyş paslynyň sowuk günlerinden soň bolup biler. Sowuk howada dodaklaryň nemlenmesi peselip, olaryň gan aýlanyşygy bozulýar. Netijede, jaýryjaklar we soýulmalar döräp biler.

Şeýle-de, şunuň ýaly ýagdaýa witamin ýetmezçiligi, allergiki täsirliligiň ýüze çykmagy, nerw ulgamyň we galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary getirip biler.

Ýüze çykan kynçylygy aradan aýyrmak üçin, aşakdaky çäreleri maslahat berip bileris:

  • Dodaklary ýalama, agzyňyzdan dem alma endiginden dynjak boluň. Bu endikler dodaklaryň guramagyna getirýär.
  • Witamin ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin (esasan hem A we B witaminleri) witamin gerdejiklerini kabul ediň. Ir-iýmişleri, maňyzlary, balygy, bagry iýiň.
  • Köp suwuklyk kabul ediň. Esasan hem ýaz-tomus aýlary 2 litre golaý suw içiň.
  • Ýylyň sowuk günleri dodagyňyzy ýörite krem bilen, gün şöhleleriniň köp günleri nemlendiriji goraýjy kremleri (dermanhanalarda satylýar) çalyň.
  • Dodaklara ösümlik ýagy bilen baldan, mesge bilen gyrgyçdan geçirilen almadan, çekize (tworog) bilen käşir şiresinden ýasalan ýapgylary çalyp, 10-15 minutdan soň süpürmek peýdalydyr.
  • Bejergi wagty düzüminde ftor saklaýan diş pastalaryny ulanmakdan saklanyň. Olar hem dodagyňyzyň zeperlenmegine hem-de guramagyna getirip biler.
  • Dodaklara ýörite hereketler bilen maşklar geçirmek, ýumşak diş çotgasy bilen owkalama geçirmek peýdaly bolar. Olar gan aýlanyşygyny gowulandyryp, dodaklaryň özbaşdak nemlenmegine täsir edýär.

Hormat bilen saýtyň lukmany.

  • 3689 gezek okalan