Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NÄDIP SEMRÄP BOLARKA?

• Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (14 Ses)

Hormatly okyjy!

Beden agramynyň ýaşa görä ýetmezçiligi bedeniň dürli kesellerinde (ýürek-damar, peşew çykaryş ulgamynyň käbir keselleri, endokrin näsazlyklar, iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri, gurçuk keseli, inçekesel) ýüze çykyp biler. Ondan başga-da, bedeniň boý-agram görkezijileri nesil yzarlama häsiýete hem eýedir.

Agzalarda näsazlyklar bolmazdan, bedeniňiziň kadaly agramyny almak kynçylyga öwrülse, onda öz gün tertibiňize, iýýän iýmitiňize üns bermeli bolar. Ýokary ýokumlylygy bolan iýmitler bilen (et önümleri, ak çörek, balyk, maňyzlar, ýer almasy we başgalar) ýygy-ýygy (günde 4-5 gezek) iýmitlenme, myşsalary ösdürýän ýörite maşklary kadaly ýerine ýetirmek, köpräk dynç alyp, ukyňyzy kadaly almak agramyňyzyň köpelmegine kömek eder.

Ýörite beloga baý bolan iýmit goşundylaryny kabul etmek hem bu babatda kömek edip biler, ýöne olaryň ýokary hilliligine üns bermelidir.

Erkeklik gormonlarynyň hem belli bir mukdarynyň ulanylmagy agramyň köpelmegine kömek edýär. Ýöne gormon serişdelerine görkezmeleri we olaryň mukdaryny diňe endokrinolog lukmany kesgitläp biler.

Bu meselede degişli çäreler toplumyny kesgitlemek üçin maşgala lukmanyna hem-de bedenterbiýe maşklary boýunça tälimçilere ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

• 4394 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman men endokrinolok lukmany bilen maslahatlasdym lukmanyn aytmagyna gora saglyk.yagdayyn gowydygyny aydyp gecdi sora bolsa iymitlenme duzgunlerini dogy we dolyberjay etmelidigini aytdy lukman sizden sorajak zadym adam.organizimine...

Hormatly lukman men endokrinolok lukmany bilen maslahatlasdym lukmanyn aytmagyna gora saglyk.yagdayyn gowydygyny aydyp gecdi sora bolsa iymitlenme duzgunlerini dogy we dolyberjay etmelidigini aytdy lukman sizden sorajak zadym adam.organizimine hic hili zyyan yetirmeyan witamin ya garmon bamy zoragyma umumy jogap bermeginizi sizden hayys etyarin sag bolun sizden geljek jogaba garasyan

c hili
zyyan yetirmeyan witamin yada garmon bamy

Dowamy
Gokhan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gökhan!
Ýokardaky soraga berlen jogapda aýdylşy ýaly, beden agramynyň aýratynlyklary köp sebäplere bagly bolup bilýändir. Iýmitlenme düzgünlerini berjaý etme we beden myşsalaryny ösdürme çärelerine başlamazdan öň,endokrinolog lukmanyň...

Gökhan!
Ýokardaky soraga berlen jogapda aýdylşy ýaly, beden agramynyň aýratynlyklary köp sebäplere bagly bolup bilýändir. Iýmitlenme düzgünlerini berjaý etme we beden myşsalaryny ösdürme çärelerine başlamazdan öň,endokrinolog lukmanyň barlagyny geçmek ýerlikli bolar.Beden agramyny ösdürme, edil artykmaç agramlylykdan dynma islegi ýaly, belli çäreleriň geçirilmegini, wagty, islegi, takaty talap edýändir.
Bu çäreler barada doly we düşnükli maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Beden agramyny nädip ýokarlandyrmaly" atly makaladan okap bilersiňiz.Size üstünlik arzuw edýärin!

Dowamy
Lukman
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman men Gokhan 17yasymda boyum 1,60agram47 men saglyk yagdayym.onat yone men hor azajyk agramy kopeldesim gelyar boyum kici bolamson horluk gelsilsiz bolya peydaly we doly umumy maslahat berayseniz hosal bolardym sizden geljek jogaba...

Hormatly lukman men Gokhan 17yasymda boyum 1,60agram47 men saglyk yagdayym.onat yone men hor azajyk agramy kopeldesim gelyar boyum kici bolamson horluk gelsilsiz bolya peydaly we doly umumy maslahat berayseniz hosal bolardym sizden geljek jogaba garasyan sag bolun !

Dowamy
Gokhan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman menin sikim turmaya

Guycmyrat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Hormatly lukman men mundan 2yyl on 78kg shu mat bolsa 64 65 aralygynda nace zat kop iysemem kop yatsamam onki bolsuma gelip bilemok etyan agyr isimem yok munun sebabi nameka mumkin bolsa maslahat berseniz

saytyn okyjysy
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location