Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PROTEIN ADAM ÜÇIN ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Sportuň belli bir ugurlary bilen meşgullanýan (esasan hem bodibilderler) türgenler, ýörite sport iýmiti, esasan hem belokly (proteinli) garyndylary ulanmagy peýdaly hasaplaýarlar. Belokly içgileriň beden üçin peýdaly we zyýanly taraplarynyň üstünde durup geçeliň.

Peýdaly taraplary:

  • Iýmit siňdiriş ulgamynyň işini ýeňilleşdirmek – bedeniň agramynyň her kilogram sanyna 2-2,5 gr belogyň gerekli mukdaryny almak üçin adam iýmitiň diýseň uly mukdaryny kabul etmeli bolýar. Bu bolsa iýmit siňdiriş agzalarynyň işine uly agram salyp, şu sebäpden belokly iýmit goşundylary peýdaly bolup, bedene ýetmeýän belogyň öwezini dolup biler.
  • Utgaşdyrma mümkinçiligi – bedende özleşme tizligine baglylykda, belokly içgiler türgenleşmeden öň aminokislotalary (belogyň düzümi) alyp özleşdirme mümkinçiligini döretse, beýleki tarapdan, iýmitlenmeleriň arasyna uzak arakesme düşende beloklaryň derejesini saklamaga kömek edip biler.
  • Ulanylýan beloklaryň mukdaryna gözegçilik etmek mümkinçiligini döredýär.
  • Serişdeleri tygşytlamak – beloklaryň ýokary derejesini belokly garyndylardan almak, belogy gowy hilli önümlerden (etden, balykdan, ýumurtgadan we başgalar) alanyňdan has arzan düşýändir.

Zyýanly taraplary:

  • Belokly içgileri kadaly kabul edip, soň birden saklanmak, iýmit siňdiriş agzalaryna ýene iýmitlerden belogy özleşdirmek ukybyny dikeltmek üçin belli bir wagty talap edýär. Ol ýagdaýda myşsalaryň agramy ýitirilýändir
  • Önümiň hiline ynamly bolmak üçin, belli öndürijileriň önümini almak howpsuzdyr. Bu bolsa uly çykdaýjyny talap edýändir.
  • Dogry türgenleşmeler we belokly garyndylary kadaly kabul etmek, bedeniň myşsa agramynyň ösmegine getirýär. Bu ýagdaý garyndylaryň mukdaryny köpeltmäge (bedeniň her kg sanyna 5 gr!!!) höwes döredip biler. Bedene beloklaryň artyk düşmegi zäherlenmelere, agzalarda daşlaryň döremegi ýaly alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmagyna getirip biler.

Öz beden mümkinçilikleriňize baglylykda belokly garyndylary ulanmak babatda öz tälimçiňiziň maslahatyny alyň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6147 gezek okalan