Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÙZDE DÖREÝÄN ÝAG

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Düwürtikleriň döremegine getirýän ýüzüň derisiniň ýaglylygy aýratyn idegi talap edýändir:

  • Irden we agşam ýuwunmak üçin geli hem-de ýüz üçin niýetlenen çotgadan peýdalanyň. Ýumşak çotga bilen geli aýlawly hereketler bilen ýüze çalyp, ýüzüň arassalanmagyny gazanmak bolar.
  • Düzüminde alkogoly saklaýan tualet suwuny çalyp, ýüzüň derisiniň zeperlenmelerini bejerip bolar. Sinkiň okisi  we salisil turşulygyny saklaýan losýonlar örän peýdalydyr. Sinkiň okisi deriniň ýaglylygyny aýyrsa, salisil turşulygy arassalaýjy serişde bolup, düwürtikleriň galdyran ýeriniň çalt bitmegine we deriniň ýumşak bolmagyna kömek edýändir.
  • Düwürtikler bilen zeperlenen derini bejermekde çaý agajyndan alnan ýag hem peýdaly bolup, onuň ergini bilen günde birnäçe gezek peýdalanmak maslahat berilýär.
  • Ýüzüň derisiniň üstki gatlagynyň arassalanmagy üçin ulanylýan (piling) serişdelerden peýdalanyň. Olar deriniň arassalanmagyna, gan aýlanşygynyň çaltlaşmagyna, düwürtikleriň ýeriniň bitip gitmegine ýardam berýär.

Ondan başga-da, hepde-de 2-3 gezek gatykdan, ýumurtganyň agy bilen limon şiresinden, gök çaý bilen gatykdan, baldan-ýumurtganyň agy-undan taýynlanan ýapgylary ulanmak, ýüzüň ýaglylygyny azaldyp, deriniň çekilmegine we onuň ýylmanak bolmagyna kömek berip biler.

Ýüzi duzly suwa ýuwma deriniň çekilmegine getirse hem, ony ulanmak deriniň nemleniş ukybyny peseldip bilýänligi üçin kosmetolog lukmanlary tarapyndan maslahat berlenok.

Ýüzüňiziň ýaglylygyny anyklap, bejergi çärelerini yzygider almak üçin, kosmetolog hünärmenlerine ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4236 gezek okalan