Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Hormatly Baky!

Siz saçyňyzyň näme sebäpden birden dökülip başlandygynyň sebäbini anykladyňyzmy? Bedeniň gormonal bozulmalary, saç haltajyklarynyň erkeklik  gormonlaryna duýgurlygynyň ýokarlanmagy, dürli ýokançlyklar, stress ýagdaýlary, witamin ýetmezçiligi saç düşmäniň sebäbi bolup biler. Nesil yzarlama faktory hem bu meselede esasy orny eýeleýändir.

Häzirki wagtda gözellik serişdelerini öndürýän pudak saçyň düşmegini bejerýän hem-de  öňüni alýan köpdürli şampunlary we  ýörite serişdeleri öndürýär. Olardan derman otlardan ýasalan Remolan, kremniý mineralynyň biologiki işjeň görnüşi bolan Silokast, düzüminde kofein saklaýan Rinoftil, Ewkapil bejeriji serişdeleri mysal höküminde bellemek bolar.Ýaşyňyzy, bedeniňiziň aýratynlygyny we saç düşmäniň görnüşini göz öňüne tutup, degişli barlaglardan soň bejergi almak üçin triholog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Mundan başga-da, saç düşmede halk arasynda ulanylýan ýörgünli usullaryň birnäçesi bilen Sizi tanyşdyrasymyz  gelýär.

  • 1 n.ç bal, 1 ýumurtga, biraz arak – ine, şulary garyp, saçyňyza çalyň-da, saçyňyza polietilen haltajygyny geýip, galyň desmala dolap, 30 minut saklaň. Soňra bu ýapgyny mylaýym suwa ýuwup aýryň. Bu ýapgyny hepde-de 2-3 gezek etmek maslahat berilýär.
  • Gara çöregiň üstüne gaýnan suw guýup biraz saklaň we şol garyndyny saçlaryňyza gowy edip çalyň-da ýyly saklar ýaly galyň desmala dolaň. 30 minutdan ýuwuň.
  • 3-4 sany gyzyl burçuň üstüne 0,5 litr arak guýup, 3 hepde garaňky ýerde saklaň. Bir gezekde bu garyndynyň 50ml mukdaryny kellä çalyp, 15-20 min soň ýuwmalydyr. Saçyňyzyň düýbüne bu serişdäni çalanyňyzda onuň göze ýa-da agza düşmeginden seresap boluň!
  • Sogany gyrgyçdan geçirip we bal bilen garyp saçyňyzyň düýbüne çalyň-da, 40 min saklaň. Soňundan kelläňizi sabynsyz ýuwuň. Aýda 2-3 gezek ulanma maslahat berilýär.
  • Baldan, aloe gülüniň we sarymsagyň şiresinden, ýumurtganyň sarysyndan garyndy ýasap, kelläňize çalyň we desmala dolap, 20 min. saklaň. Soňundan saçyňyzy krapiwanyň, çopantelpegiň garyndylary bilen durlaň.

Saç düşmegiň sebäpleri we bejergi usullary bilen tanyşmak üçin Size saýtymyzda ýerleşdirilen "Saç düşmegiň sebäpleri we bejergisi" atly makalany okamagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5310 gezek okalan