Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖWRELILIKDEN SOŇ GARNY NÄDIP ÖŇKI KATDYNA GETIRMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Hormatly okyjy!

Göwrelilikden soňky beden gözelligi ugrundaky türgernleşikleri dogrumdan soň-6-8 hepdeden, Kesarewo kesimi operasiýasyndan soň 2-2,5 aýdan soň başlamak dogry bolar.

Dogrumdan soň geçirilen maşklar jyns ýollaryna goýlan hirurgiki tikinleriň (eger goýlan bolsa) açylmagyna, garnyň içindäki basyşyň ýokarlanmagy netijesinde jynshananyň diwarlarynyň aşak düşmegine sebäp bolup biler.

Garyn myşsalaryny öňki ýagdaýyna getirip, ýygnamak üçin geçirilmeli çäreler Siziň üçin täze bolmasa gerek. Onuň üçin süýjüli, hamyrly önümleri çäklendirmek (berhiz tutmak bolmaz, sebäbi Siz çagany emdirersiňiz), şeýping, fitnes bilen meşgullanmak zerurlygy ýüze çykar. Maşklar diňe bir garnyň myşsalaryny däl-de, arkanyň, eliň, aýagyň myşsalaryny hem berkitmäge gönükdirilen bolmalydyr.

Eger çaga bilen Siz şeýpinge, fitnese gatnap bilmejek bolsaňyz, onda garyn myşsalaryny berkidýän ýörite maşklary ulanyp, türgenleşikleri öýde geçirip bolar. Ol maşklaryň esasy toplumy barada maglumaty biz ýakyn günlerde saýtymyzda çykararys. Siziň geçirýän maşklaryňyz myşsalaryň berkleşmegine, garnyň düzlenmegine ýardam berse hem, garnyň derisiniň biraz salparyp galmagy ahmaldyr. Bu ýagdaýdan esasy çykalga-kosmetiki operasiýasyny (abdominoplastika) geçirip, artykmaç derini aýyrmakdyr. Ýöne bu çäreden soň, garnyň ýüzünde uzyn tyg yzy galyp biler.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 7577 gezek okalan