Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DÜWÜRTIK ÖRGÜNLERI NÄDIP AÝYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (44 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzde çykýan düwürtikleriň bejergisinde onuň ýaýraýyş derejesini, ýerleşişini, deride sowuklama ýagdaýynyň bardygyny ýa-da ýoklugyny, dörän gaýraüzülmeleri göz öňünde tutmak möhümdir. Ondan başga-da lukmana ýüzüň derisiniň ýagdaýy, endokrin ulgamynyň işi barada maglumatlary bilmek peýdaly bolup biler. Düwürtikleriň ýüze çykyş sebäbine görä, häzirki wagtda dürli derman serişdeleri ulanylýar:

► Ýüze çalynýan derman serişdeleri – benzoilperoksid hem-de onuň ýokançlyklara garşy bolan serişdeleri, kükürt bilen utgaşykdaky derman görnüşleri, A witaminden ýasalan serişdeler (aýrol, retin-A), azeldin turşylygy (skinoren). Bu derman serişdeleri deride düwürtikleriň sowuklama ýagdaýlarynyň emele gelmeginiň öňüni alyp, olaryň netijeliligi uzak wagt (3 aýdan az däl) ulanylanda ýüze çykýandyr. Käbir halatlarda olar deriniň aşa gyjyndyrylmagyny – dermatit ýagdaýyny döredip biler. Onuň ýaly ýagdaýlarda, dermanyň ulanyş ýygylygyny azaltmak we dermanyň pes konsentrasiýaly görnüşine geçmek ýeterlik bolar.

► Ýokançlyklara garşy serişdeler – eritromisin (zinerit), klindamisin (dalasin), tetrasiklin serişdeleri.

Täze ulanylýan serişdelerden başga-da, öňden ulanylýan kükürtden ýasalan serişdeler, salisil turşulygy, rezorsin peýdaly bolup biler.

Soňky ýyllarda A witaminden ýasalan derman serişdeleri – izotretinoin (roakkutan) has peýdaly netijeleri berip, ol deri ýagyny işläp çykarmagyny peseltmäge ukyplydyr. Bu serişdeler bilen bejerginiň dowamlylygy 4 aýdan az bolmaly däldir.

Düwürtikleri aýyrmakda goşmaça çäre höküminde ýüzi arassalamak, ýüzleý geçirilýän krioterapiýa (sowuk temperaturanyň täsiri bilen), darsonwal togy, lazer şöhleleriň täsiri ulanylyp bilner. Bejergi çäreler toplumyny, degişli barlagdan soň dermatolog-kosmetolog lukmanlarynyň bellemeginiň möhümdigini ýatladasymyz gelýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 15486 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam dokdor menin yuzum dugurdukden doly ony nadip ayryp bolarkan mana komek edin we peydali maslahadynyzdan berin dokdor.?

Gahryman
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yuzumden duwurtik cykya hemem sony yzy galya sony nadip ayyrmaly

Aly
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam doktor men yuzumde duwurtik kan hemmezat etdim ayrylanok?sizem maslahat berayin

Mahym
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Slm doktor mem yuzumin durtukleri icine irin yygnaya nadip ayyryp bolarka

Menli
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam kowatan suwam peydaly diyaler duwurtige lukman salgy berdi dogrumyka sol

Gulnaz
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam ýüziñe çykýan düwrtigi nädip aýyryp bolarka

Melek
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Nadip ayyrmaly duwurtikleri

Maral
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam yuzum ownuk ownuk dugurtik bar nadip ayyrmaly

Nurana
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ayrylanok bu orgunler

secret
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yuzdaki orgunleri nadip ayyrmaly

Chaly
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location