Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň genetiki aýratynlygyňyzy, endokrin ulgamynyň ýagdaýyny, deriňiziň ýagdaýyny, saç düşmäniň görnüşini anyklamazdan belli bir degerli maslahat bermek kyn bolýar.

Saçyň düşmegi köp sebäplere bagly bolup, her aýry ýagdaýlar triholog lukmanynyň maslahatyny, barlagyny talap edýändir.

Saçlary ösdürmek maksady üçin häzir dürli usullar ulanylýar. Saçyň düşme sebäbine baglylykda, derman serişdeleri (minksidil, aleran, finasterid), otlardan we biologiki işjeň maddalardan taýynlanan serişdeler (remelan, rinoftil, silokast, ewkapil), lazer bejergisi, gormon bejergisi, hirurgiki usul arkaly saç oturtma bejergisi ulanylyp bilner.

Ondan başga-da, käbir halatlarda saçlara gara çörekden, gyzyl burçdan, sogandan we baldan, balyň, aloe şiresiniň we sarymsak şiresiniň garyndysyndan ýasalan ýapgylary ulanmak peýdaly netijeleri berip biler.

Her niçik-de bolsa, saç düşmäniň sebäbini anyklap, degişli bejergi çärelerini geçirmek üçin Size triholog lukmanyna ýüz tutmagyňyzy maslahat berýäris.

Saç düşmäniň sebäpleri we bejergisi barada maglumat almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Saçyň düşmeginiň sebäpleri we bejergisi" atly makala bilen tanyşmagyňyzy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 7716 gezek okalan

Teswirler (23)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman men 17 i yasymda men sacym gaty kan dusya on yogyndy yende osduresim gelya komek edin

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman menin 18 yasmdan bari sacym dusya hazir 22 yas sacym incelip ejizledi hayyst komek berin

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Trihalogik Lukmany haysy merkezden tapyp bolya

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Salam lukman, men Balkanabatdan biz bar sac barada haysy ugrlara sac ucin yuz tutmaly bolars aydasanz

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

lukman menin sachym yogyn we uzyndy emma sonky yylda sachym incheldi onkisi yaly dal sachymy yenede osduresim gelya men name etmeli maslahat berayin

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sac ekimi yokmy lukman dusen saclarymy yzyna cykaryp bolyamy

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yok yuz tutmadym nire yuz tutmaly lukman

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ahmet!<br /><br /> Siz saçyňyzyň dökülmeleriniň sebäbini anyklamak üçin lukmana ýüz tutdyňyzmy? Degişl barlaglary geçirmezden belli bir jogap bermek kynçylyk döredýär.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Lukman gayrat edin komek edin bejerip bolarmy hayys hic bolmasa ekip bolmaZmy

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location