Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MASSAŽ ETDIRMEK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Görkezmelere baglylykda, bellenilen kada-düzgünleri berjaý edilip geçirilen owkalama (massaž) bejergisi beden üçin hiç hili zyýan ýetirip bilmeýär.

Ilki bilen, owkalama sag adamlarda keselleriň öňüni alyş bejergisi hem-de beden çeýeligini saklamak üçin geçirilýän çäre hökmünde ulanylyp bilner.

Owkalamany myşsa sowuklamalarynda, onuň süýnmelerinde, şikeslenmelerden soňky ýagdaýlarda, döwükden soň, bedeniň agzasynyň dikeldilme döwründe, newritlerde, ysmaz keselinde, gan basyşynyň galmagy ýa-da peselmegi bilen geçýän ýagdaýlarda, ýogyn içegäniň hereketiniň bozulmalarynda, bogun sowuklamalarynda bejeriş çäresi hökmünde giňden ulanýarlar. Owkalamadan soň ýüze çykýan ýeňillige bolan ymtylma, ony tapgyrlaýyn kabul etmäge isleg döredip biler. Ýöne bu ýagdaýy "endik etme" diýip hasaplap bolmaz. Owkalama geçirmä garşy görkezmeleriň bardygyny hem unutmaly däldir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3442 gezek okalan