Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAÇ DÖKÜLMESINE GARŞY NÄME ETMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (53 Ses)

Hormatly okyjy!

Gür, ýalpyldap duran saçlar adamyny gözelleşdirip, onda özüne bolan ynamlylygy  döredýän bolsa-da, olaryň düşmegi, agarmagy, kesellemegi olar barada hemişe aladalanmagyň zerurlygyny görkezýär.

Gynansak hem, saçlar diňe garrylyk çagynda däl-de, 20, 30 ýaşda hem agaryp bilýändir. Saçlaryň reňki onda saklanýan melanin pigmentine bagly bolup, onuň işläp çykmasynyň peselmegi saçlaryň agarmagyna getirip bilýändir. Garrylyk döwründe  öýjüklerde ýygnanýan wodorod öteturşusy pigmentiň emele gelmegini togtadýan bolsa, ýaş adamlarda ol dürli sebäplere görä agarýandyr.

Uzak stress ýagdaýynda emele gelýän neýropeptidler saçyň reňkiniň üýtgemegine getirip biler. Bedende belok ýetmezçiligi, galkan şekilli mäziň işiniň bozulmalary, bagryň, böwregiň, iýmit siňdiriş ulgamyň keselleri, kofe içgisiniň köp kabul edilmegi, käbir derman serişdeleri, bedende misiň, B witaminleriniň ýetmezçiligi hem saçyň agaryp başlamagynyň sebäpleri bolup bilerler.

Ýüze çykan sebäpleri  aradan aýryp, saçlaryň tebigy reňkiniň ýitmeginiň öňüni alyp bolar. Gynansak hem, häzirki wagta çenli lukmançylykda saçyň reňkini dikeldýän usullar  belli däldir. Ýörite goraýjy reňkler bilen saçlary reňkleme kosmetiki netijeliligi berip biler.

Hormatly okyjy! Saçyň düşmeginiň sebäpleri we bejergi çäreleri, saçlarda goňaklaryň emele gelmeginiň sebäpleri we oňa garşy göreşiň aýratynlyklary, saçlary idetmegiň düzgünleri barada doly maglumaty saýtymyzda ýerleşdirilen "Saçlaryň düşmeginiň sebäpleri we bejergisi", "Alada goýýan mesele: Goňak", "Şampuny nähili saýlamaly", "Saçlary öý şertlerinde idetmek" atly makalalardan okap bilersiňiz.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

  • 16687 gezek okalan