Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝAŞLAR ÜÇIN BERHIZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.04 (23 Ses)

Hormatly okyjy!

Horlanmak üçin köp  berhizler düzülip, hödürlenýän bolsa-da, olaryň hemmesi garaşylýan netijäni bermeýär. Berhiz tutýanyň  "aç günlere" çydaman berhizi kesmegi, bedeniň berhiz esasynda dowamly keselleriniň beterlemegi onuň soňuna çenli tutulmagyna bökdençlik döredip biler. Lukmanlar birden çalt horlanmanyň beden üçin juda zyýanlydygyny belläp, aýda 600-700 gr horlanmagyň kadalydygyny nygtaýarlar. Siziň berhizi düzgüne laýyklykda tutjakdygyňyza ynamdarlyk bildirip, siz üçin oňaýly we çalt netije berip biljek iki sany berhiziň düzümini dykgatyňyza hödürleýäris.

1. Üç günlük berhiz:

♦ Irden – ýagsyz dorogyň  100 gramyny,  gaýnadylan ýumurtga, islendik 2 sany ir-iýmiş, çaý ýa-da kofe (gaýmaksyz, süýtsiz).

♦ Öýlänlik-100gr. mukdarda gaýnadylan ýagsyz  et (towuk ýa-da balyk), islendik gök önümler çig görnüşde, ir-iýmiş şiresi ýa-da çaý.

♦ Agşamlyk-islendik gök önümler (olardan taýynlanan işdäaçarlar), greçka ýa-da tüwi şülesi, 100 gr dorog, ir-iýmiş şiresi, bir alma ýa-da armyt.

2. Berhiz öwreniji lukman  K. Protasowyň  berhizi:

Berhiz 5 hepde tutulyp, soňky  2 hepdede agramyň ýitirilmegi has hem uly depginde bolup geçýär.

1-nji  we 2-nji hepdede- çig gök önümler, peýnir, gatyk (ýaglylygy 5%-den köp bolmaly däl), günde 1 ýumurtga we 3 sany gök alma. Günüň dowamynda 2 litra golaý suwuklyk (suw, çaý, ir-iýmiş şiresi) kabul edilmelidir.

Berhiziň 3-nji, 4-nji we 5-nji hepdelerinde 300 gr ýagly bolmadyk eti (onuň ýerine guş etini, balygy) öňki önümlere goşmak rugsat berilýär. Ýöne dorogyň, gatygyň mukdary azaldylmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 11647 gezek okalan