Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SAKGALY DOGRY SYRMAGYŇ DÜZGÜNLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.24 (41 Ses)

Sakgal syrmaklyk-seredip otursaň, gaty bir ýeňil iş hem däldir. Bu öz hususy tejribäňde öwrenilip we kem-kemden kämilleşdirilip, ýokary derejä ýetilýän sungat mysalydyr. Yöne sende gelşikli, ykjam görnüşde görünmek islegi bar bolsa, iru-giç bu sungaty özleşdirme başardar.

Sakgaly syrmagy öwrenmekde, onuň tehniki düzgünlerini çaltlyk bilen özleşdirmekde birnäçe "mekirlikler" bardyr. Arassa syrmaklyk-bu her erkek adamynyň hakyky islegidir. Ýöne name üçin, şeýle adaty we ýönekeý zat şeýle çylşyrymly bolup görünýäkä ? Ýüzlerçe ýyl mundan öň sakgaly syrmagyň düzgünleri atadan ogluna adat we syrlylyk ýaly bolup geçirilipdir. Bu syr şol döwürlerde howply syryjy abzallaryň ulanylýandygy, sähel howpsuzlygy gözden düşürseň aňsatlyk bilen teniňi kesip bilinmegi bilen bagly bolupdyr.

Häzirki wagtda hiç kim beýle howply syryjy abzallary ulanmaýar. Olara derek bir gezek ulanylýan stanoklar peýda bolup, olar ykjamlylygy we arassa syrma mümkinçiligini döredýändigi bilen tapawutlanýandyr. Ertir çagynda bir gezek ulanylýan stanoklar biziň durmuşymyzy aňsatlaşdyrýar. Bu stanoklaryň ulanylşynda bilmeli, öwrenmeli zatlar az däldir. Bu ýerde esasy wezipe, bu işi nähili tertipde geçirmegiň aýratynlyklaryny kesgitläp hem-de öz-özüňi ýaralamagyň öňüni almak üçin sakgal syrylanda ünsüňi jemläp bilmegi gazanmakdyr.

SAKGAL SYRMAK ÜÇIN NAHILI STANOK SAÝLAMALY?

Häzirki wagtda bir gezek ulanylýan we çalşyrylýan päkiler, elektro syryjy stanoklar ýaly islendik sakgal syryjy abzallary saýlap bilersiňiz. Bu seniň deriň duýujulygyna we islegiňe bagly bolup durýandyr. Köp adamlar elektro syryjy abzallary ulanmaklygy amatly hasaplaýarlar. Ony ulanmak üçin aýratyn düzgünleri berjaý etmegiň zerurlygy ýokdur. Ýöne ol ýaş deri örtüginiň duýujylygyny yokarlandyryp biler, şeýle hem elektostanoklar gür we gaty gyllary syrmak üçin oňaýlydyr.

SAKGALY SYRMAGYŇ TERTIBI

Birinji ädim

Sakgaly syrmaklyga girişmezden öňünçä, gyzgyn suw bilen ýüzüňizi yuwmalydyr. Birinjiden, suw ukudan soň ýüzde döreýan çişginliligi aýyrýar. Ikinjiden bolsa, gyzgyn suw tüýleri ýumşadyp, ony aňsat syrmaklyga taýýarlaýar. Syrmaklyk üçin dürli hili gelleri, kremleri ulanyp hem bilersiňiz. Uly bolmadyk süpürgiji gyzgyn suwa batyryp, mäkäm sykyň. Soňra ony birnäçe minutlap ýüze basyp saklamak gerekdir. Bu usul sakgalyň ýumşamagyna gyzgyn suw bilen ýuwlanyndan hem örän oňat täsir edýandir.

Ikinji ädim

Sakgal syrmaklyk üçin peýdalanylýan köpürjigi ýa-da geli siziň syrmaklygy meýilleşdirýän ýeriňize-ýüze, eňegiňize, boýnuň ýüzüne çalmalydyr. Serişdäni çalmaklyk eliňi aýlap süpürýän şekilde alynyp barlyp, köpürjigiň gyllaryň arasyndan oňat geçmegini gazanmalydyr. Seýle hem deriniň ýüzüne köpürjigi deň ölçegde ýaýratmaga ymtylmalydyr.

Päkileriň ýeterlik derejede ýitiligine göz ýetirmeklik siziň üçin oňaýlydyr. Kütek päkileri ulanmakdan gaça duruň, çünki olaryň üsti bilen deriniň kesilmegi we gyjyndyrylmagynyň yokarlanmagy ýaly islenilmedik täsirleri gazanyp bilersiňiz. Eger siz bir gezeklik päkileri ulanýan bolsaňyz, onda olary çalt-çaltdan çalşyp durmaklyk hökmandyr. Bir päkini iki gezekden köp ulanmaklyk maslahat berilmeýär.

Üçinji ädim

Ýüzi dulukdan syryp başlamaly. Päkini ýokardan aşaklygyna alyp gaýtmaly. Bu iş ýeňil we sada ýaly görünsede, howlukmaçlyk etmek, güýçli basmaklyk deriniň kesilmegine getirip biler. Dulukdaky gyllaryň ýumşaklygy sebäpli, päkini gaty basmagyň zerurlygy ýokdur.

Sakgal syrmaklykda syrylyş ugry sakgalyň ösüş tarapyna, ugruna görä alyp gitmek esasy düzgün bolup durýandyr. Sakgalyň ösüşiniň tersine, garşysyna syrmaklyk bolmaýar. Gyllaryň ösüşiniň garşysyna syrylanda deride gyjyndyrmalar, kähalatda kesilmeler bolup biler.

Sakgal syrylyp duran pursatynda, beýleki eliňiz bilen deriniň dartyp saklap durulmagy, syrylmagy ýeňilleşdirmek üçin has oňaýly şerti döredip biler. Şeýle edilende syrylyş has oňat netije berip, syrylandan soň deri tekizlige eýe bolar. Şundan başga-da beýle usul bilen syrmaklyk, derä göni burç boýunça ýerleşen tüýleri aýyrmakda döreýän kynçylyklary ýeňilleşdirýär. Päkini güýç bilen basmaklygyň zerurlygy yokdur. Diňe siziň hereketlerňiziň dogry we göwnejaý bolmaklygy ýeterlikdir.

Eňegiň aşagyny, boýnuň ýüzüni syrmaklyk üçin päkini boýundan eňege tarap hereketlendirmelidir. Hut şu ýerde köp adamlar ösgün sakgallary bilen oňaýsyzlyklara sataşýarlar. Deriniň has ösen sakgally bölegine syrylandan soň aýratyn üns berilmelidir. Has oňat usuly, köp mukdarda suw bilen yuwup, soňra haýsydyr bir serişdäni, meselem, losýony ýa-da syrylmadan soňky ulanylýan kremleri çalmalydyr. Päkini akýan gyzgyn suwuň aşagynda yuwmaklyk ýerlikli bolup, wagt gidirmän päkide galan gyllary aýyrmalydyr. Olar indiki syrlyşda päsgel berip we şol sanda derä zeper ýetirip bilerler.

Gür gaty sakaly buga tutup yumşatmaklyk syrylyşda ýeňillik döredip biler. Ýumşak gür sakgalda päkini sowuk suw bilen ölläp, aňsat syrylşy gazanyp bolar.

Eger siziň sakgalyňyz gaty bolsa, onda päkini sowuk suwa öllemeklik peýdasyzdyr.

Duluklar we boýnuň ýüzi syrylandan soň, eňege we murtlara geçmelidir. Bu ýerlerde sakgalyň az-kem gaty bolmagy, deriniň kesilmeginiň we gyjyndyrylmagynyň ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr. Duluklar we boýun ýüzündäki sakgal bilen meşgullanýan halatyňyzda, eňege we murta çalynan köpürjik gyllary ýumşadýar we sakal syrylanda dörejek kynçylygy peseldýär. Murty iň soňunda aýyrmaklyk bilen iş tamamlanýandyr.

Eger zerurlyk çykan ýagdaýynda, köpürjigi ýuwup aýyryň we täzeden çalyň. Şeýle edilende size has oňat, amatly syrmaga ýeňillik dörär. Özüňize ýeňillik bolar ýaly, dodaklary içe, dişlere tarap çekip hem syryp bilersiňiz. Bu ýerde päki uly bolmadyk burç boýunça hereket etmelidir.

Ýatda saklaň! Päkini näçe haýal hereketlendirseňiz, şonça-da deri şikeslenmelerini alma howpy peseler.

Dördünji ädim

Şeýlelikde sakgal syrmaklyk şertleýin tamamlandy we syrylmasy kyn bolan ýerlerdäki galan tüýlerden saplanmaklyk galdy. Ýöne ilki bilen syrylman galan ýerleriň bardygyny barlamalydyr. Köpürjikleri yuwup aýyryp, aýnada üns bilen ýüzüňe seretmelidir. Eger haýsydyr bir ýerde syrylman galan sakgal bölekleri bar bolsa, täzeden köpürjik çalyp syryp bilersiňiz. Eger siziň deriňiziň aşa duýujylygy bildirmeýän bolsa köpürjiksiz hem, diňe gyzgyn suw bilen yuwup aýryp bolar. Ýeterlik derejede, esasan hem dulugy, burnuň töweregini, şeýle hem eňegiň gyrasyny syrmada kynçylyklar döräp biler. Eger şu ýerlerde sakgal bölekleri galyp, aýyrmaklyk kynçylygy dörän bolsa, päkide islendik ugry ulanyp (şeýle bolanda sakgalyň ösüşiniň tersine hem syryp bilersiňiz) syryp ýa-da ýörite jübtekler bilen aýryp bilersiňiz.

Bäşinji ädim

Seýlelik bilen sakgaly syrmaklyk doly tamamlandy. Indi mylaýym suw bilen yuwunmaklyk gerek. Gaty sowuk suw bilen ýuwunma maslahat berilmeýär. Sowuk suw deridäki deşijekleri ýapyp, losýon ýa-da krem bilen zyýansyzlandyrmaklygy kynlaşdyrýar. Odekolonlary düzüminde yumşadyjy ýaglaryň bolman, gyjyndyrmalary döredip biljekdigini göz öňüne tutyp, olary ulanmadan saklanmalydyr. Şeýle hem, onuň düzümindäki köp mukdardaky spirt deriniň guraklaşmagyna getirýär. Sakgal doly syrylandan soň, losýon ýa-da krem bilen derini zyýansyzlandyrmalydyr. Bu kosmetiki serişdeleriň düzüminde köp mukdarda yumşadyjy ýaglar saklanyp, deride dürli hili gyjyndyrmalaryň döremeginiň öňi alynýar.

SAKGALY DOGRY SYRMAK ÜÇIN PEÝDALY MASLAHATLAR

1. Sakgaly syrmaklyk üçin ertir çagy amatly wagtdyr, çünki ukuda deri hem dynç alyp ýetişýandir. Ýöne turanyňdan bada-bat sakgaly syrmaga girişmek hem hökman däldir.20 minut ýaly säginip, yüzdäki çişginliligiň aýrylyşmagy we deriniň oýanmaklygy üçin birnaçe wagt beriň.

2. Syrylandan soň ara wagt salman derä losýon ýada krem çalmaklyk zerurlygy ýokdur. Şeýle edilende deridäki deşikler ýapylyp, ýüzde her dürli göze görünip durýan örgünler, düwürtikler peýda bolup bilýändir. Elbet-de olardan hem gutulsa bolýar, ýöne olaryň ýüze çykmagyna ýol berilmese dogry bolar. Syrylandan soň mylaýym suw bilen ýuwup we birazdan süpürgiç bilen süpürip losýon çalyň. Guraşandan soň derini zyýansyzlandyrmak üçin kremleri ulansa hem bolýandyr.

3. Syrmaklyk üçin suw gyzgyn bolmaly, ýöne aşa gyzgyn bolup deriniň ýakylmagyna ýol bermeli däldir. Şonuň netijesinde deride gyjynyjylygyň ýokarlanmagy mümkindir.

4. Nähili päkini ulanmalydygyny özüňiz çözüň. Päkileriň ulanylşynda olary kadaly çalşyp durma, esasy bilmeli düzgün bolup durýandyr. Kesikleriň we şikesleriň bolsa ýüzde oňaýsyz görünýändigini bilýän bolsaňyz gerek.

5. Şeýle hem, ýörite sakgal syrylanda ulanylýan, düzüminde sabyn bolmadyk gelleri ulanyň. Olar deriniň guramagyna ýol bermeýärler.

6. Sakgal syrylandan soň bada-bat süpürgiç bilen süpürmäň. Derä azajyk dynç almak üçin wagt beriň. Şeýle hem derini çaltlyk bilen süpürmeklik hokman däldir. Süpürgijiň ýüzdäki suwy özüne siňdirmegi üçin ony ýüze basyp süpürmek gerekdir.

7. Köplenç deriniň duýujylygy ýokary bolup, ol hiç hili päkiniň görnüşine öwrenşip bilmeýär. Kömekçi kosmetiki serişdeleriň kömegi bilen bu kynçylykdan baş alyp çykyp bilersiňiz. Düzüminde spirt saklamaýn kremleri, losýonlary we ýaglary yzygiderli ulanmaga çalşyň. Hut spirt saklaýan serişdeler deriniň duýujylygyny ýokarlandyryp, allergiki täsirliligiň döremeginiň sebäbi bolup bilýärler. Öz iýmitiňiziň düzüminde B toparyň witaminleriniň köp mukdarda bolmagyny gazanyň.

  • 5457 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Menin yuzime nameden sakal çykanok menin masgalamdaky erkeklen hemmesi gur sakally sebabi name

HATAP GALA
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sada we wajyp bolan soragy okyjy Maksadyň galdyrmagy örän ýerlikli. Sebäbi sakgaly syrmak we oňa seretmek erkeklerde ýetginjeklikden tä ömrüniň ahyryna çenli dowam edýän ýagdaý bolup durýar.

garry
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gyzlarda bedende aýbaşy başlamazyndan öň ejesiniň gyzyna kada gabat gelýän düşündirişleri geçirmek borjy ýaly, ýaş oglan ýetginjege sakgal syrmagy we usullaryny öwretmek kakasynyň aladasy bolsa talaba laýyk bolardy.

Nurly
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ata-babalarymyzyň ýaşan döwürlerinde sakgal syrmak aňsat bolmandyr. Sebäbi häzirki ýaly gurallar bolman birnäçe erkek adamyň arasynda bir päki bolupdyr. Onuňam arassalygy sorag astynda bolup, deriniň sakgal syrylýan wagtynda birnäçe gezek...

Ata-babalarymyzyň ýaşan döwürlerinde sakgal syrmak aňsat bolmandyr. Sebäbi häzirki ýaly gurallar bolman birnäçe erkek adamyň arasynda bir päki bolupdyr. Onuňam arassalygy sorag astynda bolup, deriniň sakgal syrylýan wagtynda birnäçe gezek kesilmegi bilen utgaşypdyr.

Dowamy
Mollamurt
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sakgaly syrýan gurallaryň ýyldan ýyla ulanmaga aňsatlarynyň ýüze çykmagy we sakgaly, derini ýumşadyjy serişdeleriň bolmagy erkekler üçin işi ýeňilleşdirdi. Şonuň üçin şu döwürde delleklerde sakgal syrdyrýanlaryň sany üzül-kesil azaldy.

Saparly.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ähli erkekler sakgalyny syrman ýaşasalar olaryň sypatlary haýwanlaryňkydan hiç bir üýtgeşik bolmazdy diýip oýlanýarsyň. Iki-üç günüň dowamynda syrylmadyk ýüz erkegiň görküni üýtgedýär. Şonuň üçin mahal-mahal kynrak hem bolsa ony amala aşyryp...

Ähli erkekler sakgalyny syrman ýaşasalar olaryň sypatlary haýwanlaryňkydan hiç bir üýtgeşik bolmazdy diýip oýlanýarsyň. Iki-üç günüň dowamynda syrylmadyk ýüz erkegiň görküni üýtgedýär. Şonuň üçin mahal-mahal kynrak hem bolsa ony amala aşyryp dursaň gowy. Syrmasaň ýaşyňdan uly görner ýörersiňdä.

Dowamy
Göwher.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Sakgal tüýleriň ýumşak hem bolsa diňe bir suw bilen öllemän şu wagtky ýaramly kremler bilen syrsaň derini gyjyndyrmazlyk üçin bähbitli bolar.

Taýmaz.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ok.mekan.sag bolun lukman. Yone name etsemem mende murtun osup bsshlan dowri duwurtik peyda bolyar agxyn ustunde. Onyn nadip onuni alyp bolar

maksat
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Tesbirçi Atsyz, özüne seredýän, hormat goýýan adam her hili ýagdaýdan çykalga tapýar. Suwam, päki hem tapýar. Geçen asyrda suw gytçylygy bolsada, häzir hem suwsyzlykdan kösenýän ýerler köp.Ýöne sakgalyny ösdürip,oňa serenjam bermän maýmyn ýaly...

Tesbirçi Atsyz, özüne seredýän, hormat goýýan adam her hili ýagdaýdan çykalga tapýar. Suwam, päki hem tapýar. Geçen asyrda suw gytçylygy bolsada, häzir hem suwsyzlykdan kösenýän ýerler köp.Ýöne sakgalyny ösdürip,oňa serenjam bermän maýmyn ýaly bolup ýörenler ýok. Geçen ata-babalarymyzyň sakgallaryna seredişi-ä aýratyn owadan, gelşikli bolupdyr.

Dowamy
Okyjy.
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Meniň özümä sakgal goýbermäni halamaýaryn. Halaýanlaryň öz işi. Günaşa syrýaryn. Wagt geçirseň tüýlerim örän gaty bolansoň syrmak kynragam bolýar. Sakgaly wagtly-wagtynda syrýan adam ýaş görünýär.

Sanjar.
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location