Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN SAKGAL DEŇ ÖSENOK?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.38 (8 Ses)

Hormatly Abraý!

Erkek adamlarda beden gyllarynyň ösme häsiýeti bedendäki testosteronyň (erkeklik gormony) derejesine bagly bolup durýar. Ol gormonyň derejesini derman serişdeleri bilen ýokarlandyrmagyň başga beden näsazlyklaryna getirip bilýändigi üçin, bu maksat bilen olary maslahatsyz kabul etmek howply we ýerliksiz bolup biler. Sakgal göýbermekçi bolanyňyzda öz kakaňyzyň, ataňyzyň ýüzüne, ýagny olarda sakgaldyr-murtuň ösüş häsiýetine seretmelidir. Sebäbi bu häsiýet nesil yzarlaýandyr.

Ylmy taýdan düşündirmegiň kyn bolýandygyna garamazdan, sakgaly gerek uzynlyga gyrkma we oňa serenjam berip, gerek görnüşe getirme hem onuň ösüp gürleşmegine kömek edip biler. Hünärmenleriň bellemegine görä, gyllaryň "ýognamagy" we saçlaryň gürleşmegi üçin biotin serişdesini ulanma peýdalydyr. Edil şu häsiýetlere ýetmäge onuň düzümindäki B6, C, E witaminleri kömek berýärler. Ýöne bu serişdäniň bir kemçilikli tarapy hem bardyr – saçlaryň we dyrnaklaryň biologiki gelip çykyşynyň birligi sebäpli, bu serişdäniň dyrnaklary we bedeniň başga ýerindäki saçlary hem aşa ösdürip bilýändigini belläp goýmalydyr.

Sakgalyň gür ösmegi üçin sürgi ýagyny (kastorowoýe maslo) ulanmagy hem maslahat berip bolar. Gije ýatmazdan öň, bu ýagy ýüzüňize çalyp ýatyň (süpürgiç düşegiňiziň ýag bilen hapalanmagynyň öňüni alar). Saçlaryňyz uzyn we gür bolýança, bu çäräni her gün geçiriň, ondan soň bolsa bu bejergini hepdede bir gezek gaýtalaň.

Eger sakgal deň bolmadyk, "ojak-ojak" görnüşde ösýän bolsa, onda kosmetologiýa önümçiliginiň ýörite sakgallary güreltmek üçin öndürýän goýaldyjy serişdelerini saýlap alyň. Olary saýlap almakda we gyllaryň ösüş aýratynlyklaryna görä sakgal göýbermegiň görnüşi we onuň ýüz keşbine gelşişi babatda hünärmeniň maslahatyny almak üçin, şäherde ýerleşýän kosmetologiýa merkezleriniň dellekçilerine ýüzlenme hem peýdaly bolar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4892 gezek okalan