Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PEÝDALY WE PEÝDASYZ KREMLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Işlenilen öküz tohumy goşulan kosmetiki serişdeleri kiçi we orta ýaşly çagalara ulanmak maslahat berilmeýär. Siz näçe ýaşyňyzda? Siziň ulanýan "Baýram" we "Oriflame" firmasynyň iýmitlendiriş kremleriniň bu suwuklygy saklamaýandygyny we ondan ýasalan kosmetiki serişdeleriň bahasy boýunça gymmat bolýandygyny belläsim gelýär.

Size belli bir tonal kremi maslahat bermek üçin, elbetde, deriňiziň ýagdaýyny, görnüşini (ýaglymy, gurumy, kombinirlenen) kesgitlemek zerurdyr. Siz "gyş günleri derimiň guraýandygy sebäpli" diýip belleýärsiňiz. Gury deri üçin ýörite niýetlenen "Oriflame" firmasynyň tonal kremini, "Isadora", "Vishi", "Aveda", "Caudaliý" tonal kremlerini maslahat berip bolar. Sizi biynjalyk edýän düwürtikler bolsa, dine kosmetiki kremiň täsirinden soň däl-de, dürli sebäplere (iýmitiň üýtgemegi, içegeleriň işiniň bozulmalary, endokrin näsazlyk, deriniň hapalanmagy we baş.) görä döräp biler. Düwürtikleriň döreme sebäbini anyklap, ulanylmaly kremler barada maslahaty almak üçin kosmetolog lukmanyna ýüz tutmak netijeli bolardy.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3662 gezek okalan