Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“TERAFLEKS” DERMANY BARADA MAGLUMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.43 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Terafleks ketirdewük we birleşdiriji dokumalarynda dikelme hadysalaryny güýçlendirýän derman serişdelerine degişlidir. Esasan hem bu derman serişdesi osteoartrozyň dürli derejesinde, osteohondrozda, bogunlaryň we oňurganyň şikeslenmeden soňky ýagdaýlarynda ulanylýar.

15 ýaşa ýetmedik çagalara, böwrek ýetmezçilikli çagalara bu derman serişdesini ulanmak bolmaýar. Şeýle-de göwrelilik we çaga emdirilýän döwürde derman serişdesiniň zyýanly täsirleri öwrenilmedik, şol sebäpli şol döwürlerde derman serişdäni ulanmak maslahat berilmeýär.

Terafleksy ulanýan näsaglaryň aglabasy gaýraüzülmelere arz edenok. Emma kähalatlarda iýmit-siňdiriş ulgamynyň agzalary tarapyndan (içiň agyrmagy, ýellenmegi, içgeçme, iç gatama) bozulmalaryň bolup bilmegi mümkin. Mundan başga-da başaýlanma, kellagyry, aýaklardaky agyry, elleriň we aýaklaryň çişmegi, ukusyzlyk, ýüregiň ýygy urmalary we allergiki täsirlilik ýaly alamatlaryň döremegi syn edilip bilner.

Eger derman serişdesi bellenen mukdardan aşa köp kabul edilende näsagda ganöýme görnüşindäki örgünler, ýürek bulanma, gaýtarma döräp bilýändir. Şu ýagdaýda hökman lukmana ýüz tutmalydyr, aşgazany ýuwup, döreýän alamatlara görä bejergileri bellemelidir.

Terafleksyň kabul ediliş düzgünleri:

Lukmanyň maslahatyndan soň, uly adamlara we 15 ýaşdan uly bolan çagalara ilkinji 3 hepdäniň dowamynda 1 gerdejikden 3 wagtyna, nahar iýilýän wagtyna garamazdan dermany içmek maslahat berilýär. Soňky günleri bolsa 1 gerdejikden 2 wagtyna kabul edilmelidir.

Dermany 3-den – 6 aýa çenli kabul etmek maslahat berilýär. Eger zerur bolsa lukman bilen maslahatlaşyp bejergini gaýtalamak bolýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3786 gezek okalan