Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜZÜMINDE ÝOD SAKLAÝAN ÖNÜMLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.19 (21 Ses)

Hormatly okyjy!

Saglyk üçin şeýle wajyp bolan ýod bedende emele gelmeýär. Onuň diňe 90%-ni biz iýmit önümlerinden alyp bilýäris. Ýoduň ýeterlik mukdaryny deňizýaka sebitleriň ýaşaýjylary howadan alyp bilýärler, çünki ol ýerleriň howasy ýoda baýdyr. Bedende ýoduň ýeňil özleşmegi üçin A we E witaminleriniň, demir, sink, mis minerallarynyň we belogyň ýeterlik bolmagy wajypdyr.

Ýoda baý iýmit önümlerine aşakdakylar degişlidir:

► Deňiz önümleri, balyk;

► Süýt önümleri – gatyk, gaty peýnirler, gaýmak, süýt, dorog;

► Ýumurtga;

► Gök-önümler – ýaşyl salat, badam,turp, şugundyr, pomidor;

► Ir-iýmişler – üzüm, apelsin, alma, garaly, armyt, hurma, gara smorodina;

► Noýba, nohut;

► Däneliler – bugdaý, tüwi, ýarma, greçka.

Ýoduň öwezini dolmak üçin düzüminde ýod saklaýan derman serişdeleri (Ýodamarin, Ýodid, Kaliý ýod) hem ulanylýandyr. Bu serişdeler diňe lukmanyň maslahatyndan soň ulanylmalydyr, çünki ýoduň aşa artykmaçlygy hem beden üçin zyýanlydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6815 gezek okalan