Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

SUW ÇILIMI PEÝDALYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Köp adamlar suw çilimini saglyk üçin howpsuz hasaplaýarlar we oňa bolan öwrenişme döremeýär diýip pikir edýärler.
Onuň şeýle däldigini anyklamak üçin geliň sanlara ýüzleneliň. Ulanylýan ýörite temmäki nikotin saklaýandyr. 50 gramm bolan gutyda onuň 0,05% saklanýandyr. Bu bolsa 50 gr gutyda 25 mg nikotiniň bardygyny aňladýandyr. Bir guty bolsa 4 gezek ulanmaga ýetýändir. Görüp oturylsa, suw çilimine bir gezekde guýulýan temmäkide 6,25 mg nikotin saklanýan ekeni. Bir adaty çilimde bolsa bary-ýogy 0,8 mg nikotin saklanýandyr. Bu hasaplamalar suw çiliminde nikotiniň mukdarynyň 7,5 esse ýokarydygyny görkezýär.

Siz elbetde, suw çilimindäki süzgüçleriň peýdalylygy barada ýatladarsyňyz. Ýöne suwuň netijeli "süzüjilik" häsiýetleriniň ýoklugyny ýatlatmalydyr.

Görşümiz ýaly, suw çilimini çekýän adam nikotiniň köp mukdaryny kabul edýändir we onda ýuwaş-ýuwaşdan nikotina garaşly bolmak häsiýeti döräp bilýändir.

Ekspertleriň bellemegine görä, suw çilimi üçin ulanylýan temmäkiniň düzüminde adaty çilimiň düzümi bilen deňeşdirlende howply maddalaryň uly topary saklanýandyr. Meselem, benzapiren – howply çiş kesellerini (esasan hem öýken ragy) döredýän himiki madda bolup, bedende toplanma häsiýete eýedir. Nikotinden we benzapirenden başga hem, çilimkeşiň öýkenine agyr metallaryň duzlary we kömürturşy gazy hem düşýändir. Çilimkeşler her 15 minutdan artykmaç kömürturşy gazy ýörite klapanyň üsti bilen çykarmagy maslahat berýärler. Kömürturşy gazy, kisloroda garanyňda, gemoglobin bilen çalt birleşip, beýnide, ýürekde, bagyrda, böwreklerde, myşsalarda kislorod ýetmezçiligini döredýär. Statistikanyň görkezişi ýaly, adaty çilimkeşler hem, suw çilimini söýüjiler hem deň derejede dem alyş agzalaryň, ýürek-damar ulgamyny bozulmalaryndan we rak kesellerinde ejir çekýärler. Suw çiliminiň ýene bir ýaramaz tarapy, adamdan adama geçirilýän mundştugyň gepatit, inçekesel, uçuk ýaly ýokanç keselleri çalt ýaýratmaga mümkinçilik berýändigindedir.

Suw çilimi üçin ulanylýan temmäkiniň düzümindäki ýaramaz himiki maddalaryň mukdary öndürijilere bagly bolup, ol hemişe degerli barlagy geçýän däldir.

Suw çilimi çekilýän otag hem temmäki we kömrüň tüssesinden dolup, çilim çekmeýän başga adamlar üçin juda howply bolup durýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 588 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Name peydasy bolsun!Dogry her zady chenden asha ulansan zyyan, yone nikotinin az mukdaram peydalydyr oydemok

Sahra
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Peydaly taraplaryny bellap gecmediniz. Bir zat zyyanly bolsa, onun peydaly yerem bardyr, mysal ucin duye caly, adama peydasy uly, cenden asa kop icilmegi zyyanly diyip belleyarler. Yada yonekey agyry kesiji derman, bir tabletka peydaly, on...

Peydaly taraplaryny bellap gecmediniz. Bir zat zyyanly bolsa, onun peydaly yerem bardyr, mysal ucin duye caly, adama peydasy uly, cenden asa kop icilmegi zyyanly diyip belleyarler. Yada yonekey agyry kesiji derman, bir tabletka peydaly, on tabletka zyyanly. Her zadyn oz yeri bar, ceni bar, caky bar.

Dowamy
Meylis
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gynansagam añy pes yaşlaryñ modasy boldy şu cilim. Götūne geymane tursuk tapmasada gomparmana oñarýalar. Hamana faşistiñ kellesini getiryan yaly suw cilim bn dūşyan suratlary. Gahrymancylygy zahmetde görkaziñ.

Batyr
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location