Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

EGER NÄSAG TIZ KÖMEGE MÄTÄÇ DÄL BOLSA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

Hormatly okyjy!

Lukmançylyk hyzmaty – bu ilatyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin döwlet tarapyndan üpjün edilýän iň möhüm hyzmatlaryň biridir. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 52-nji maddasyna laýyklykda, her bir adamyň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge Raýatlaryň Saglygynyň Goralmagy hakyndaky kanunda bellenen esaslarda we tertipde ýol berilýär.

Lukmançylykda, saglygy goraýyş kömegi 2 görnüşde berilýär: tiz saglygy goraýyş kömegi we gaýragoýulmasyz saglygy goraýyş kömegi.

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty Ministrliginiň 08.18.2018-de çykaran "Tiz, şol sanda ýöriteleşdirilen tiz saglygy goraýyş kömegini bermegiň tertibi" atly 285-nji Buýrugynyň 38-nji bendine görä, saglygy goraýyş kömegi berlenden soňra, näsaglaryň ýatymlaýyn bejergä mätäçligi ýok bolsa, gatnawly bejergi almak üçin degişli saglygy goraýyş edarasyna ýüz tutmaklyk maslahat berlip, öýlerine goýberilýär.

Eger näsag tiz saglygy goraýyş kömegine mätäç däl hem bolsa, saglygy goraýyş işgäri hiç bir ýagdaýda oňa seretmekden ýüz dönderip bilmez. Saglygy goraýyş işgärleriniň esasy hukuklary we borçlary Raýatlaryň Saglygynyň Goralmagy Hakyndaky kanunyň 63-64-nji maddalarynda beýan edilýär.

Saglygy goraýyş işgäri syrkawa nähili saglygy goraýyş kömeginiň gerekdigini anyklaýar we ony lukman bilen maslahatlaşmak üçin hassahana ugradýar. Maşgala lukmany inçe ugurly lukmanlar bilen bilelikde gerek bolan bejeriş-anyklaýyş çärelerini näsagyň saglyk ýagdaýyna görä gurnaýar. Ilki bilen bolsa, näsaga bejeriş-anyklaýyş çäreleri we olaryň alnyp barlyşy barada habar berilýär. Şeýle-de, näsaga gözegçilik etmegiň usullary baradaky saglyk resminamalary doldurylýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 71 gezek okalan
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location