Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÜRKMENÇE-RUSÇA (IŇLISÇE) SÖZLÜK BARMYKA?
Hormatly okyjy!
Gynansak-da, häzirki wagtda türkmen dilinde lukmançylyk sözlükleriniň elektron görnüşleri ýok. Biz gelejekde şeýle sözlükler dörediler diýip umyt edýäris. Türkmen dilinde kitap görnüşinde şu lukmançylyk sözlükleri bar:
- Medisina terminleriniň rusça-latynça-türkmençe sözlügi, Aşgabat, 2000 ý. (Bu sözlügi Türkmenistanyň kitaphanalaryndan tapyp bolar).
- Üç dilli lukmançylyk sözlügi, Aşgabat, TDKP neşirýaty, 2005 ý. (Bu sözlük Parahatçylyk Korpusynyň meýletinleriniň gatnaşmagynda düzüldi.
- Şeýle hem Parahatçylyk Korpusynyň gatnaşmagynda "Dermanlaryň Gözükdirijileri Goşmaça" atly kitapça çap edildi.
Saýtyň lukmany.
- 14287 gezek okalan