Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÇAKYZANYŇ SEBÄBI NÄME?
"Salam hormatly lukman! Men 29 ýaşymda, mende çakyza diýen kesel bar. Onuň tutan wagty gözüm garaňkylap we erbet kelläm agyryp, iýen naharlamy gaýtarýan. Çagalykda maşgala lukmanym ulaldygymça aýryljakdygyny aýtsa-da, keselim geçenok. Hiç bir lukmandan netijeli maslahat alyp bilmedim. Käwagt ýygy tutýan, käwagtlar ýylda bir- iki gezek tutýan wagty hem bolýar. Meniň ozal geçiren keselim ýok. Ýol-ulag hadysasyna sezewar bolmadym. Bu keseliň sebäbi nämedenkä?”
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy,
Çakyzanyň sebäpleri şu güne çenli anyk kesgitlenilmedikdir. Ençeme geçirilen ylmy barlaglar onuň nesilyzarlaýjylyk häsiýetini anykladylar. Keseli nesle, erkek adamlar bilen deňeşdireniňde, bu keselden has köp ejir çekýän aýallar ýygy geçirýärler.
Keseliň esasy sebäbi hökmünde üç şahaly nerwiň ýadrolarynyň işjeňleşmegini belleýärler. Bu hadysa beýniniň gan damarlarynyň ilki daralmagyna, soňundan bolsa giňelmegine getirýär. Şonuň ýaly-da, agyrylaryň döremegine merkezi nerw ulgamynda serotonin gormonynyň bölünip çykmasynyň bozulmagy hem iteriji faktor bolýar.
Çakyzanyň başlamagyna belli bir itergi beriji ýagdaýlar sebäp bolýar. Lukmanlar olary birnäçe topara bölýärler:
↪ Psihiki – stres, emosional dartgynlylyk, dowamly akyl zähmeti;
↪ Daşky – atmosfera basyşynyň üýtgemegi, ýiti ýagtylyk, güýçli sesler, dymyk howa, güýçli yslar;
↪ Fiziologiki – ýadawlyk, ukusyzlyk, gormonal durkuň üýtgemegi (meselem, aýallarda aýbaşy wagty, aýbaşydan galma döwri);
↪ Iýmit – çakyzanyň tutmagyna sebäp bolýan tijendiriji hökmünde lukmanlar alkogol içgileri we tiramin saklaýan önümleri (sitruslar, kakao, peýnir, maňyzlar, şokolad, kakadylan önümler) belleýärler. Şonuň ýaly-da, arassa suwy we iýmiti ýeterlik kabul etmezlik, berhiz tutmak, kofeiniň ýetmezçiligi hem çakyzanyň tutmagy üçin iteriji sebäp bolup biler.
Siz özüňizde döreýän çakyza tutmalara seljerme berip, oňa getirýän sebäpleri anyklamaga çalyşyň. Bu babatda size gözegçilik edýän newropatolog lukmanyňyz bilen hem maslahatlaşma peýdaly bolup biler. Çakyza tutmalara itergi beriji faktorlary anyklap, siz olaryň öňüni alyp bilersiňiz. Eger zerur bolan ýagdaýynda, lukmanyňyz size çakyza tutmalaryň öňüni alyjy bejergini geçirmek üçin derman serişdesini (ýa-da serişdeleri) saýlap berer.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 945 gezek okalan