Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
HAPA HOWA BILEN RAK KESELÇILIGIŇ BAGLANYŞYGY NÄHILI?
"Biziň ýurdumyzda howamyz arassa hasaplanýar. Oňa garamazdan, näme üçin köplenç Mary GRES, ençeme senagat kärhanalary bolan Türkmenbaşy şäheriniň töwereklerinde rak keseli bilen kesellän adam köp?"
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy,
Belli bolşy ýaly, biziň ýurdumyzda nebitgaz we nebiti gaýtadan işleýän önümçilik, himiýa senagaty we energetika howanyň düzümine we hiline täsirini ýetirýän esasy çeşmeler bolup durýarlar. Ýurdumyzyň atmosferasyna esasan uglewodorodlaryň, azotyň we uglerodyň okisiniň zyňylmasy syn edilýändir.
Türkmenistanyň Statistika boýunça komitetiniň şu meselä degişli 2019-njy ýylyň 6 aýy boýunça hasabatynda – "Türkmenistanyň senagat önümçiliginde döwrebap ekologiki taýdan arassa we serişdeleri tygşytlaýjy tehnologiýalaryň ulanylmagy, şeýle hem ekologiýa meselelerinde temmi beriji çäreleriň ulanylmagy, howany hapalaýan stasionar çeşmelerden zyňylýan zyýanly maddalaryň ep-esli azalmagyna ýardam berdi. Ýurdumyzyň statistika boýunça Döwlet komitetiniň görkezijilerine görä, 2018-nji ýylyň şu döwri bilen deňeşdirilende, 2019-njy ýylyň ýanwar-iýun aýlary zyýanly himiki maddalaryň zyňylmagy 5,1% peseldi" diýlip habar berilýär.
Senagat kärhanalaryndan zyňylyp çykýan himiki maddalaryň görnüşleri boýunça her ýylda anyk geçirilýän deňeşdirme seljermesiniň öwrenilmegi, elbetde, köp soraglara, şol sanda adam saglygy bilen bagly soraglara hem jogap tapmaga kömek edip bilerdi. Senagat kärhanalardan çykýan zyňyndylaryň howadan başga, topragy, ýerasty suwlary, şol toprakda ýetişýän oba hojalyk önümlerini hem zaýalaýandygyny belläsim gelýär. Elbetde, şu faktorlaryň hemmesi bilen bilelikde, adam bedeninde bejerilmedik keseller, peselen immun ulgamy, adamynyň nädogry ýaşaýyş durmuş tertibi rak keselleriniň (howply täze döremeler) köpelmegine uly itergi beriji sebäplerdir.
Agzalan hasabatda şeýle bellenen: "2019-njy ýylyň birinji ýarym ýyllygynda Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak boýunça Ministrligi tarapyndan suwy, topragy we howany goramak boýunça bildirilýän talaplaryň berjaý edilşine seljerme bermek üçin kärhanalarda we edaralarda 1857 sany barlag geçirildi...". Ýöne barlag netijesinde ýüze çykarlan kemçilikler, himiki maddalaryň kadadan ýokary bolan ýagdaýlary we oňa getiren sebäpler barada anyk düşündiriş berilmeýär.
Siziň galdyran soragyňyz adam saglygy we tutuş jemgyýet üçin wajyp mesele bolup, anyk we dogry faktlar bolmazdan, oňa anyk jogap bermek kynçylyklydyr. Dem alyş agzalarynyň keselleriniň, rak keselleriniň köpelýän regionlarynda degişli ýolbaşçy edaralaryň gatnaşmagynda ekspert toparlaryň işlemegi we netijeleriň açyk aýdylmagy jemgyýet üçin möhüm meseleleri çözmäge kömek bererdi.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 489 gezek okalan