Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
TÜRKMENISTANDA ADAMYŇ PAPILLOMAWIRUSYNA GARŞY WAKSINANY NIREDE ALYP BOLÝAR?
Türkmenistanda adamyň papillomawirusyna garşy waksinany nirede alyp bolýar?
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy,
Adamynyň papillomawirusyna (APW) garşy waksinasiýa biziň ýurdumyzda hereket edýän "Keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibine" laýyklykda, 9 ýaşan çagalarda hökmany ýagdaýda geçirilýändir. Immun ulgamy tarapyndan ýeterlik jogap bolup, öňünden goraglylygy üpjün etmek üçin waksinasiýany jynsy gatnaşyklar başlamazdan öň geçirmek wajyp bolup durýandyr.
Jynsy gatnaşygyny başlan aýallar üçin waksinasiýa belli bir derejede peýdaly bolup biler. Çünki waksinanyň düzümine goşulan wirus bölekleriniň görnüşleriniň aýala eýýäm ýokuşyp biljekdigine garamazdan, ol ony wirusyň başga görnüşlerinden goramaga kömek edip biler. Ýöne aýallar üçin waksinasiýanyň goraglylygynyň has pes boljakdygyny bellemelidir.
Häzirki wagtda, biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş edaralary tarapyndan APW garşy uly adamlara waksinasiýa geçirilme hyzmaty meýilleşdirilen däldir. Ýakyn geljekde bütindünýa lukmançylyk ülňülerine laýyklykda, goraglylyk derejesini nazara alyp, şeýle hyzmatyň ýola goýuljakdygyna tama bildirýäris.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 339 gezek okalan