Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
LUKMANLAR ATA BOLJAK ERKEKLERE NÄHILI MASLAHATLARY BERÝÄRLER?
"Biziň jemgyýetimizde lukmanlar çaga garaşylýan döwürde erkeklere nähili maslahatlary berýärler?"
Saýtyň okyjysy
Hormatly okyjy,
Häzirki wagtda, mundan 7-8 ýyl ozalky wagt bilen deňeşdirilende, erkek adamlaryň aglaba bölegi aýallarynyň göwrelilik döwrüniň geçişi bilen gyzyklanýandyklaryny aýdyň görkezýärler. Olar göwreli aýallary bilen bile lukmanyň barlagyna gelmäge, özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapmaga, degişli bilimlerini ýokarlandyrmak üçin peýdaly çeşmeleri bilmäge çalyşýarlar.
Göwrelilik döwrüniň aýratynlyklaryny göz öňüne tutup, lukmanlar çaga garaşylýan döwürde indiki maslahatlaryň berilmeginiň peýdalylygyny belleýärler:
↪ Göwrelilik döwründe aýalyňyzyň häsiýetiniň üýtgejekdigine taýyn boluň. Bedende bolup geçýän gormonal üýtgemeler göwreli aýaly has ynjyk, öýkelek, käwagtlar aglamaga isleg bildirýän, käwagtlar bolsa tersine, ýönekeý zada hem gahar bildirýän durnuksyz adama öwrüp bilýändir. Aýalyňyza üýtgäp duran gormonlaryň "tolkunyny", aşsaýlamanyň alamatlaryny ýeňip geçmegiň ýeňil däldigine düşüniň. Oňa öý işlerinde we başga durmuş aladalarynda ýeňillik döredip, ýagdaýyna düşünmäge çalşyň.
↪ Aýalyňyz bilen bilelikde siziň hem durmuş tertibiňiziň üýtgemegini kabul ediň. Aýalyňyzyň göwrelilik bilen baglylykda naharlanma, tagamlary kabul etmek isleginiň üýtgemegi, göwreliligiň üçünji ýarymynda uka gitme sagatlaryň üýtgemegi siziň hem adaty durmuş tertibiňize täzelikleri girizip biler. Eger aýalyňyz ýarygije duzlanan hyýar ýa-da gyşyň ortaky aýy gawun iýesi gelse, oňa yrsarama ýaly garaman, ösýän çagaňyzyň islegi ýaly garap, ýerine ýetirmäge çalşaýyň.
↪ Göwreli aýalyňyza göwünlik bermegi ýatdan çykarmaň. Göwrelilik döwri (ylaýtada birinji göwrelilik bolsa) aýal üçin aýratyn döwür bolup, ol aýalyň bedeniniň ýagdaýyny, daşky durkuny (beden tegelenýär, agram alýar), onuň adaty iş tertibini, gyzyklanmalaryny üýtgedýär. Bu esasan hem hemişe hereketde bolýan, işjeň aýallar üçin has hem kyn bolýar. Aýalyňyza öwgüli sözleri aýdyp, oňa öz söýgüňizi bildirmäge, ony goldamaga çalşyň. Işden boş wagtlaryňyzy bile geçirmäge, bile gezelenje, myhmançylyga gitmäge çalşyň.
↪ Göwrelilik döwründe lukmançylyk barlaglarynyň, käbir derman serişdeleriniň, keselhana bejergisiniň gerek boljagyny hem unutmaly däldir. Olar bolsa aýratyn ünsi we maddy çykdajylary talap edýändir. Ondan başga-da, göwrelilik döwründe talabalaýyk gözegçiliginiň alnyp barylmagy üçin lukmançylyk edarasyny, dogumy kadaly alyp barmak üçin dogum öýüni saýlap almak hem örän wajyp sorag bolup durýandyr.
↪ Dokuz aýdan soň, atalyk ornuna geçmelidigiňizi ýatda saklaň. Çaga idetme aladasynyň saldamly böleginiň aýala düşýändigine garamazdan, aýalyňyza kömek edip, käbir aladalary öz üstüňize almakdan çekinmäň. Şeýle etmek bilen, siz aýalyňyza öz goldawyňyzy, aladaňyzy, duýgyňyzy görkezersiňiz, çaga bilen bolsa ýakyn ysnyşma gazanarsyňyz. Oňa taýyn bolmak üçin ýörite gurnalýan "Ýaş ene-atalar" mekdebi okuwlaryna gatnaşmaga, kitapçalary, gollanmalary okamaga, internet ulgamynda bar bolan edebiýat bilen tanyşmaga çalşyň.
Hormat bilen, saýtyň lukmany
- 44 gezek okalan