Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DURMUŞA HAKYKAT BILEN NÄDIP SERETDIRIP BOLARKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Siziň dostuňyz beden we psihiki taýdan sagdyn we öz 18 ýaşyna laýyklykda kämillik derejesine ýeten bolsa, onuň durmuşa çynlakaý çemeleşmeýänligi lukmançylyk meselesi däldir.

18 ýaş çagalygyň tamamlanyp, adamynyň uly durmuş ýoluna gadam basýan sepgididir. Bu ýaşda adamyny belli bir gyzyklandyrýan zatlar bolup, ol şol ugurdan bilim almaga, öz halaýan kärini özleşdirip zähmet çekmäge ýa-da türgenleşip sportda uly üstünlik derejelerini gazanmaga ymtylýar.

Ýaş adamda geljege bolan ynamlylyk, özüniň başarnygyny, ukybyny dürli ugurlarda barlap görme (dilleri öwrenmek, kompýuteri özleşdirme we başgalar), dostlaşmaga, dostlary bilen pikir alşyp, belli bir maksada ymtylma häsiýeti agdyklyk edýär. Bu döwürde ýaş ýürek ilkinji söýgi duýgularyny hem başdan geçirýändir. Siziň dostuňyzyň gylyk-häsiýeti nesil yzarlama faktoryna (ondan gitjek ýeriň ýok), onuň maşgalada alan terbiýesine, mekdepde alan tälimlerine, onuň ýaşaýan gurşawynyň (işleýän kärdeşleri, dostlary, garyndaşlary) täsirine gaty baglydyr. Öz dostuňyzy gyzyklandyrýan zatlar barada soraň. Onuň, belki, geljege baglaýan hyýallary, meýilleri bardyr?!

Belki-de, Siziň dostuňyz belli bir maksatly, öz pikirli, "akyly gözünde", ýöne şadyýan, göwnaçyk ýigitdir?! Siz öz dostuňyzy hemmelerden gowy tanamalysyňyz.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3525 gezek okalan