Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SAGLYK MAKSATNAMASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (12 Ses)

Hormatly  okyjy!

"Saglyk" maksatnamasynyň  esasy  maksady  ilatyň  saglygyny gowulandyrmak  we adam ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak babatda  düýpli  çäreler toplumyny durmuşa ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Bu maksatnama 1995-nji ýylda kabul edilip, özünde 1995-2000 ýý aralygy lukmançylykda amala aşyrmaly özgertmeleri  jemleýändir.

"Saglyk" maksatnamasynyň esasy öňde goýýan meseleleri  aşakdakylardan ybaratdyr:

  • Saglygy goraýyş ulgamyň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek;
  • 1996-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan raýatlaryň meýletin saglyk ätiýaçlandyrylmagyny girizmek;
  • Öňüni alyş çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak;
  • Ilaty elýeter, yokary hilli lukmançylyk kömegi bilen üpjün etmek;
  • Ilatyň arasynda geçirilýän sanitar- epidemiologik çäreleriň hilini ýokarlandyrmak;
  • Maşgala lukmançylygynyň işini ýola goýmak;
  • Saglygy goraýyş ulgamyny maliýeleşdirmekde  reformalary geçirmek;
  • Saglygy goraýyş ulgamynyň birinji basgançagyny pugtalandyrmak we keselhana orunlaryny netijeli peýdalanmak;
  • Lukmançylyk edaralarynyň material-tehniki ulgamyny pugtalandyrmak;
  • Saglygy goraýyş ulgamynyň hususy sektoryny ösdürmek;
  • Derman serişdeleriniň  önümçiligini ýokarlandyrmak;
  • Işgärleri taýynlamagyň hilini ýokarlandyrmak;
  • Lukmançylyk ylmyny amaly lukmançylygyň mätäçliklerini çözmäge gönükdirmek.

Maksatnamany durmuşa geçirmäge Bütindünýä Banky, UNISEF, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, TIKA halkara guramalary gatnaşyp, köpdürli ugurlar boýunça kömek berdiler.

2012-nji ýylyň 21-nji aprelinde Türkmenistanyň ministrler kabinetiniň geşiren mejlisinde "Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasy" kabul edildi. Bu Maksatnamanyň ugurlary boýunça doly maglumaty saýtymyzyň sahypalarynda Siziň dykgatyňyza hödürläris.

Hormat bilen, Lukman.

  • 10666 gezek okalan