Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GAN ZÄHERLENMESI HAÝSY SEBÄPLERE GÖRÄ BILINÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Hormatly okyjy!

Akganlylyk (leýkoz, leýkemiýa) keseli gan ulgamynyň howply täze döreme keseli bolup, bu kesel bilen çagalar hem, uly adamlar hem deň derejede keselläp bilýändirler.

Keseliň döremegine getirýän sebäpler köpdürli bolup, olaryň içinde ýokançlyklaryň gan öýjüklerine ýetirýän ýaramaz täsirini, nesil yzarlaýjylyk häsiýetliligini, sintetiki himiki serişdeleriň we käbir dermanlaryň (meselem, käbir antibiotiki serişdeler, howply täze döremelerde kabul edilýän dermanlar) täsirini, radiasiýa zeperlendirmesini aýratyn bellemek bolar.

Keseliň alamatlary onuň görnüşine we ýüze çykyş derejesine baglydyr. Ganyň barlagynda gan öýjükleriniň mukdar we hil taýdan üýtgemegi bu keseliň esasy alamaty bolup durýandyr. Kesel  umumy gowşaklyk, çalt ýadamaklyk, gyzgynyň galmagy, gan azlylyk, bogun agyrylary, bagryň we dalagyň ulalmagy ýaly alamatlar bilen ýüze çykyp, kesele mahsus bolan  özboluşly alamatlar ýokdur. Leýkoz keseli bedeniň agramynyň peselmegine getirip, näsaglarda burnuň ganamagy, deriasty gan toplanmalar, içki agzalardan gan akma alamatlary ýüze çykyp biler.

Keseliň bejergisini gematolog lukmanlary geçirmelidir. Bejerginiň umumy  dowamlylygy  2 ýyla deň bolup, onuň 6-8 aýy keselhana şertlerinde alnyp barylsa, galan bölegi (1,5 ýyl töweregi) öý şertlerinde lukmanyň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. Leýkozyň bejergisi esasan himiýa serişdeleri ulanmak arkaly geçirilýär. Bu bejergi  gan öýjükleriniň kadasyz bölünmegini togtatmaga gönükdirilendir. Himiýa serişdeleri bilen bejergi wagty näsagyň şahsy gigiýena düzgünlerini berjaý etmegi, ýokançlyklardan goranmagy, iýmitiniň ýokumly bolmagyna uns bermegi  zerurdyr. Kesel gaýtalanma häsiýete eýe bolan ýagdaýynda başga adamdan (donordan) alnan süňk ýiligini göýberme operasiýasy geçirilýär.

Ganda, oňurga-beýni suwuklygynda we suňk ýiliginde kadasyz gan öýjükleriniň bolmazlygy keseliň durgunly ýagdaya geçendiginden habar berýändir.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5026 gezek okalan