Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GOLAÝ GARYNDAŞYŇA ÖÝLENMEK NESLIŇ ÜÇIN HOWPLUMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.22 (9 Ses)

Hormatly okyjy!

Belli bolşy ýaly, ýakyn garyndaşlaryň kowum-garyndaşlary umumydyr. Är-aýal jübütiniň garyndaşlyk derejesi näçe ýakyn boldugyça, şonça hem olaryň çagalarynda genetiki bozulmalaryň ýüze çykma ähtimallygy ýokarlanýandyr.

Adamyň gen (adamyň bedeniniň aýratynlyklary baradaky maglumaty saklaýan biologiki birlik) toplumy täzelenmän belli bir adamlaryň toparynyň içinde saklanyp galýar.

Bedeniň aýry-aýry aýratynlyklaryna jogap berýän genleriň bozulmalary netijesinde dürli-dürli nesil yzarlaýan keseller döreýändir. Bir üýtgemä sezewar bolan gen özüni ýüze çykarmaýar, ony göterýän adama hem, onuň çagasyna hem nesil yzarlaýan keseller howp salmaýarlar.

Eger şol bir üýtgemä sezewar bolan geni jübütleriň ikisi hem göterýän bolsa, keseliň alamatlary ýüze çykyp biler. Şeýle ýol bilen albinizm, fenilketonuriýa, talassemiýa, nerw ulgamynyň birnäçe bozulmalary, mukowissedoz keselleri döräp bilýändir.

Lukmanlaryň pikirine görä, garyndaşara nikasyndan doglan çagalar dürli genetiki kesellerden 10 esse ýygy ejir çekýändirler. Ondan başga-da, şunuň ýaly çagalar doglandan soň ýa-da çagalyk dowry ölüme has ýygy sezewar bolýarlar, dogabitdi kemçiliklerden ejir çekýärler, olarda bedeniň alyş-çalyş ýagdaýlarynyň bozulmalary has ýygy duş gelýär. Beýleki çagalara garanyňda olar kadasyz ösýärler, okuwda kynçylyk çekýärler. Beýle çagalar ulalanda olarda çaga düşme, wagtyndan öň dogurma, önelgesizlik ýagdaýlarynyň döreme ähtimallygy has hem artýandyr. Ýat ýerden öýlenmek bolsa, dürli "peýdaly, gowy" alamatlary saklaýan genleriň birleşmegine we täze sypatlara mahsus bolan nesili almaga kömek edýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4720 gezek okalan