Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÖLÜM BARADA ÇAGA SORAGLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

10 ýaşly çagada onuň ýaly durmuşy, möhüm sorag ýüze çykýan bolsa oňa düşnükli, ýönekeý dilde jogap bermek hökmandyr. Eger çaga ölüm barada soraýan bolsa, onda ol onuň jogabyny eşitmäge taýyndyr. Dogrudan hem, çaga ölüm barada bilmek nämä gerek? Goý, ýene birnäçe ýyl öz çaga dünýäsinde ýaşap, onuň ýaly ahwalatlaryň pikirini etmesin. Ölen guşuň uklap ýatandygyny, enesiniň bolsa uzak ýere, uzak möhletli gidendigini aýdaýmaly. Hawa, toslap köp zatlary aýdyp bolar. Ýöne çaga barybir Siziň aldaýandygyňyzy duýar we zatlara özüçe düşündiriş tapjak bolup alada galar. Öz ýanyndan tolgunar, gaharlanar.

Ikinjiden, çagada ölümiň öňünde döreýän gorky duýgusyny döretme wajypdyr. Bu duýgy öz-özüni gorama bolan ymtylyşy döredýär. Ýaşaýşyň ömürlik däldigini, käbir sebäplere görä adamyň ölýändigini bilýän çaga öz hereketlerine çynlakaý garaýar. Olardan döräp biljek howpy ölçerýär.

Üçünjiden, jogap bermäni gijikdiren ýa-da ony aldan ýagdaýyňyzda, çaga ýene öz durmuşynda ölüme duçar bolsa, bu onuň üçin garaşylmadyk, uly stress ýagdaýyna getiriji ahwalat bolar. Jigiňiziň soragyny jogapsyz goýmaň. Eger Siz häzir jogap bermäge taýyn bolmasaňyz, onda bu barada birnäçe wagtdan (bir sagatdan, ertir, indiki duşanyňyzda) söhbetdeş boljakdygyňyzy aýdyň. Ýöne jogaby gijikdirmäň. Siziň jogabyňyza garaşyp, ol aňynda birtopar "gorkunçlyklary", "bulam-bujarlyklary" döredip biler.

Onuň garaşylmadyk soragynyň Sizi iňkisä goýanlygyny, aljyradanlygyny duýdurmaň. Siziň aljyranlygyňyzy görüp, ol hem tolgunyp başlar. Hemme zady bolşy ýaly aýdyp beriň. Hemme janly zatlaryň iru-giç ölýänligini, enesiniň aradan çykyşy ýaly, hemmeleriň hem wagty gelende gitjekdigini, ýöne bu zatlaryň häzir bolup geçmejekdigini düşündiriň. Ölüme çenli, ony we onuň maşgalasyna bagtyýar durmuşyň garaşýanlygyna, onuň klasdaşlarynyň arasynda bolup okamalydygyny, ulalansoň maşgala döredip ýaşajakdygyny, onuň hem çagalarynyň, agtyklarynyň boljakdygyny düşündiriň. Öz söhbetdeşligiňizi düşnükli dilde alyp baryň. Adamlaryň esasan garrylykdan, ýöne käbirleriniň kesellerden ýa-da pajygaly ýagdaýlar sebäpli ir ölýänligini aýtmakdan çekinmäň. Şonuňbilen birlikde, özüňi gorap, kesellerden bejergi almalydygyny we ägäbolmalydygyny belläň.Eger çaganyň akyly ýetip, adam jaýlama, öwlüýä barada soraýan bolsa, umumy dilde oňa düşündiriş berip bolar. Ýöne bu barada doly, anyk gürrüň berilmegiň entek geregi ýokmuka diýýärin.

Adam owülýäde jaýlansa hem, adamlaryň ony hemişe ýatlaýandygyny, şonuň üçin onuň ýatdan çykarylmaýanlygyny düşündiriň. Çagada ölüme agyryly we ezýetli ýagdaý ýaly däl-de, başga bir ýaramly, ýokary ýaşaýşyň görnüşi ýaly garaýşy döretjek boluň. Bu soragda islendik düşünmezlikleriň, gorkynyň we howsalanyň çeşmesi bolup biljekdigini unutmaň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4391 gezek okalan