Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SÜLÜK NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Sülük bilen bejergi ýa-da girudoteraoiýa (lat. hiruda-sülük) gadymy bejeriş çäresine degişli bolsa-da, ol häzir hem lukmançylykda öz ähmiýetini ýitiren däldir.

Bu usul ýürek-damar, böwrek, aýal jyns ulgamynyň kesellerinde, nerw ulgamynyň kynçylyklarynda, ýadawlykda, tapdan düşme ýaly ýagdaýlarda giňden ulanylýandyr.

Ulanyş görkezmeleri köp dürli bolsa-da, bejerijilik täsiri onuň bir häsiýetine esaslanandyr: bedendäki durgunlylyk adam saglygyna howp salan wagty, bedendäki gan aýlanyşygy kadalaşdyrmakdyr. Bu bejerijilik häsiýeti sülügiň tüýküliginiň  düzüminiň täsiri bilen ýüze çykýandyr.

Şeýle-de, tüýkülikdäki gualuronidaza fermenti bedendäki sepleşme ýagdaýlaryny aradan aýyrmaga kömek edýändir. Sülügiň goýlan ýerleri bejeriş maksatlaryna bagly bolup, her bejeriş tapgyryndan soň olar ýok edilýändir. Şeýle hereket keselleriň adamdan adama geçme töwekgelçiligini aradan aýyrmak üçin amala aşyrylýandyr.

Sülük bilen bejerginiň dowamlylygy 60-90 minuda barabar bolup, bejergi günaşa geçirilýändir. Bir bejeriş tapgyry 7-10 güni öz içine alýandyr.

Hormat bilen, Lukman.

  • 3471 gezek okalan