Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DÜŞÜNDIRÄÝSEŇIZ...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Hormatly okyjy!

Enä çagalarynyň kesellemegi sebäpli tölegli ýaramazlyk kagyzy 6 güne çenli berlip bilner. 6 günden soň, çaga seretmek üçin ýarawsyzlyk kagyzynyň açylyş dowamlylygyny çaganyň ýagdaýyna baglylykda lukmanlaryň maslahat beriş topary (LMBT) kesgitleýär.

Eger çagalar bir wagtda kesellän bolsalar, olara seretmek üçin bir ýaramazlyk kagyzy açylýandyr.

Çagalaryň yzly-yzyna kesellemegi sebäpli, enä 1 aýda 2 gezek yzly-yzyna ýarawsyzlyk kagyzy açmaga rugsat berilýär.

Gepatit A keseli bilen kesellän çaganyň enesine 10 güne çenli tölegli ýarawsyzlyk kagysy açylyp, ondan soň enä keselçiligi tasyklaýan delilnama berilip, ol delilnama tölenmeýär.

Gepatit A keseli bilen kesellän çaga 4 aýdan 6 aýa çenli berhiz tutup, juda ýadamadan, sportuň agram salýan görnüşleri bilen meşgullanmakdan gaça durmalydyr.

Berhiz bagryň işini kadalaşdyrmaga, öt bölünip çykmagyny ýeňilleşdirmäge, ýagyň we holesteriniň alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen bolmalydyr.

Gepatitden soňky dikeldiş döwründe täze bolmadyk çöregi, gök önümlerden ýa-da dänelerden (süle, tüwi) owradylyp bişirilen çorbalar, makaronly, wermişelli süýtli çorbalar, kelemli çorba, ýagsyz sygyr ýa-da towuk etini gaýnadylan görnüşde, ýagsyz etden taýynlanan kotlet, dolama, balygyň ýagsyz görnüşlerini, gaýnadylan, buglanan gök önümler, çig ýa-da gaýnadylan ir-iýmişler, bal, mürepbeleri, süýt, gatyk, ýagsyz dorog we gaýmak, içgilerden bolsa çaý, süýtli kakao, ir-iýmişlerini kabul etmek maslahat berilýändir.

Berhiz tutma döwründe çaga täze çöregi, aldyrmaly hamyrdan taýynlanan önümleri, etiň we balygyň ýagly görnüşlerini, kömelekleri, noýba önümlerini, marinadly önümleri, gaýnadylan ýa-da gowrulan ýumurtgany, şokolady, doňdurmany, ýagly süýt önümlerini bermekden saklanmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3308 gezek okalan