Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NAUŞNIKLER ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

Nauşnikleri köp ulanmaklyk adamyň eşidiş ukybyny peseldýär

Soňky ýyllarda ýaşlaryň arasynda saz nauşniklerini ulanma höwesiniň agdyklyk edýändigi görünýär. Elbetde, beýle höwes olaryň howpsuzlygy barada pikir ýöretmäge mejbur edýär. Geliň, geçirilýän barlaglaryň netijelerine salgylanyp, olara  seljerme berip göreliň.

Ýewropa ýurtlarynda saz pleýerleriniň nauşnikleriniň döredýän ses basyşynyň 100dB artyk bolmaly däldigi barada kanun kabul edildi. Şonuň üçin-de, nauşnikleri öndürýän kompaniýalaryň käbirleri ses gatylygyny peseldýän çäklendirmeleri bada-bat girizip başladylar.

Nauşnikleriň zyýany babatda amerikan alymlary uly howsala düşýärler. Amerikan unuwersitetiniň  lukmanlarynyň geçiren barlaglary, soňky döwürde ýaşlaryň eşidiş ukybynyň örän peselendigini mälim edýär. Eşidiş ukybynyň şeýle derejede peselmegi adatça gartaşan adamlara mahsus bolup, olaryň  bütünleý ker galmagyna sebäp bolýar. Alymlar bu ýagdaýyň  nauşnikler arkaly saglyk üçin howply bolan gatylykdaky sazlaryň diňlenilmeginiň netijesinde döreýändigini nygtaýar.

Käbir adamlar (radistler, ses režissyorlary, dispetçetler) öz hünär aýratynlyklaryna baglylykda nauşnikleri ençeme ýyllap ulanmaly bolýarlar. Emma muňa garamazdan, olaryň eşidiş ukyby saz pleýerleriniň muşdaklarynyňky ýaly peselmeýär. Näme üçin? Sebäbi häzirkizaman portatiw ses apparatlaryny öndürýän kompaniýalar gulagyň çukurjygyna dykylýan "dykylaryň" ençeme görnüşini oýlap tapdylar.

 "Portatiw" nauşnikleriň beýleki görnüşleri ýaly, bu dykylar hem nauşnikleriň açyk görnüşine, ýagny gulaga dykylmaýan görnüşine degişlidir. Sebäbi olar daş-töwerekdäki sesleriň eşidilmegine päsgel bermeýäler. Emma şeýle nauşnikler ses "ojagyny" içki gulaga has ýakyndan ýetirýändigi bilen tapawutlanýandyr.

Gulak öz gurluşy boýunça diýseň täsindir. Onuň içki bölümini  goraýan ýörite ''gurluş'' bardyr. Pes we ýokary gatylykdaky sesler täsir edende, gulak perdesi tijendirilip hem-de "üzeňňi" myşsalary ýygrylýp, eşidiş süňkjagazlaryň kömegi arkaly howply ýygylykdaky sesleriň içki gulaga aralaşmagyna päsgel berilýär. Eger güýçli sesler uzak wagtyň dowamynda öz "hüjümini" dowam etdirseler, içki gulagy goraýan myşsalar "ýadap", ony goramagyny bes edýärler. Bu bolsa adamyň beýnisine impulslary geçirmäge jogap berýän eşidiş perdesiniň (ulitka) nerw öýjükleriniň , ýagny Kortiniň agzasy diýip atlandyrýan agzanyň zeperlenmegine sebäp bolýar. Güýçli, ýagny ýokary ýygylykdaky sesler gulak üçin iň howlpy sesleriň biridir. Ikinji orunda pes ýygylykdaky sesler durýar. Şonuň üçin-de, güýçli sesleriň içki gulaga uzak wagtyň dowamynda täsir etmegi  eşidiş ukybyň düýpli peselmegine sebäp bolýar.

Lukmanlaryň bellemegine görä, sagdyn gulak iň ýuwaş sesleri hem eşitmäge ukyplydyr. Iň ýuwaş sesler 10-15dB-dir (desibell-sesl ölçeýän fiziki birlik). Pyşyrdy 20dB, adaty söhbetdeşlik gürrüňi bolsa 30-35dB-e deňdir. 60dB barabar ses gatylygy (mysal üçin, gykylyk) gulak üçin oňaýsyzlygy döredýär. 90dB-den ýokary bolan ses gatylygy bolsa gulak üçin eýýäm howply hasaplanýar. 100-120dB gatylykdaky rok ýa-da pop-konsertler gulak üçin uly synaga öwrülýändir. Häzirkizaman nauşnikleriň köpüsinde hut şeýle gatyykdaky sesler ýaňlanýandyr.

Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, adamyň gulagy diňe wagtlaýyn gaty seslerden goranmaga ukyplydyr. Gaty sesler uzak wagtyň dowamynda diňlenilende, adamyň eşidiş ukyby peselýär. Siemens kompaniýasynyň hünärmenleriniň bellemegine görä, (awtordan: olar durmuşy harytlardan başga eşidiş ukyby peselenler üçin ses apparatlaryny hem öndürýärler) ýokary gatylykdaky sesler içki gulaga az wagtlyk täsir edenden soň, içki gulagyň degişli öýjükleri täzeden dikelýär. Emma şeýle gaty sesleriň ikilenç we uzak wagtyň dowamynda täsir etmegi zerarly bu duýgur eşidiş öýjükleri has erbet zeperlenip, gaýdyp dikeldilmeýär.

Lukmanlaryň bellemegine görä, adamyň eşidiş ukyby takmynan 30 ýaşdan soň peselip başlaýar. Ýöne gaty sesleriň gulaga uzak wagtyň dowamynda täsir etmeginiň netijesinde bu ukybyň has ýaş döwürde peselmegi hem mümkindir.

Uzak wagtyň dowamynda gaty sesleriň içki gulaga täsir etmeginiň netijesinde eşidiş ukybynyň peselmeginiň ilkinji alamaty bolan tinnitus (lat "şaňňyldyly ses") ýüze çykýar. Şeýle ýagdaý adamyň gulagynda birsyhly şaňňyldy ýa-da iňňildi ýaly sesleriň ýaňlanyp durmagy bilen häsiýetlendirilýär. Lukmanlar şeýle ýagdaýa uçranlaryň aglaba böleginiň 30-40 ýaş aralygyndaky adamlardygyny aýdýarlar. Tinnitus örän howply alamat bolup, ol soňabaka eşidiş ukybyň düýpli peselmegine eltip bilýär.

Garwardyň lukmançylyk kolejiniň lukmanlary dürli nauşnikleriň adam saglygyna ýetirýän täsirini öwrenmek maksady bilen ýörite barlag geçirdi. Olar nauşnikleriň göwrümi näçe kiçi bolsa, döredýän sesiniň şonça-da güýçli bolýandygyny belleýärler. Uly nauşnikler gulagy doly ýapýarlar, emma kiçi nauşnikler içki gulaga has ýakyn ýerleşip, oňa sesleriň has güýçli barmagyna sebäp bolýarlar. Bu bolsa içki gulakdaky ses basyşynyň adatdakysyndan 9dB çenli artmagyna eltýär. 9dB göräýmege az ululyk, ýöne bu desibeller barada bilimi bolmadyklar üçin şeýledir. 9dB-e çenli artan ses basyşy ses gatylygynyň iki esse (!) güýjändigini aňladýar.

Awstraliýanyň Sidney şäherindäki Milli akustik laboratoriýasynda geçirilen barlaglaryň netijesinde, ine, şular mälim boldy:  açyk görnüşli hasaplanyp, gulagyň deşigine dyky görnüşinde dykylýan nauşnikler dogrudan-da daş-töwerekdäki sesleri eşitmäge mümkinçilik berýär. Ýöne bu ýagdaý jemgyýetçilik ýerlerinde saz pleýerleriniň sesiniň has gataldylmagyna itergi berýär. Barlaga gatnaşan 18-54 ýaş aralygyndaky meýletinçiler köpçülik ýerlerinde saz pleýerleriniň sesini howply derejedäki ses gatylygyna ýetirýändiklerini boýun aldylar. Şeýle ses gatylygy bolsa adamyň eşidiş ukybyny örän peseldýändir.

Şoňa görä-de, gadyrly okyjymyz, nauşnikleri dogry ýa-da nädogry ulanýandygyňyz barada özüňiz oýlanyň. Indi bolsa surdolog hünärmeniniň 5 maslahatyny Siziň dykgatyňyza hödürleýäris:

► Güýçli sesleriň ýaňlanýan ýerlerinde içki gulagy goraýan ýörite gorag gulak dykylaryny ulanyň. (Olar dükanlarda esasan hem "beruşi" ady bilen bellidirler).

► Daş-töwerekdäki sesleri basjak bolup, nauşniklerdäki sesi gataltmaň.

► Ýapyk nauşniklerden peýdalanyň. Olar içki gulak üçin howply ses derejesine ýetmezlige ýardam berýärler.

► Öz gulaklaryňyza dynç beriň.

► Eger çilim çekýän bolsaňyz, çilimi taşlaň. Çilimkeşlik gaty sesleriň täsir etmeginiň netijesinde eşidiş ukybyň iki esse peselmegine sebäp bolýar.

Indi bolsa, Siziň nygtap soraýan Beats By Dr. Dre nauşnikleriňiz barada gysgaça maglumaty dykgatyňyza hödürleýäris. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly:

⇒ pyşyrdy: 15-20dB;

⇒ adaty söhbetdeşlik: 30-35dB;

⇒ gykylyk: 60db we ondan ýokary;

⇒ howply dereje: 90dB we ondan ýokary;

⇒ reaktiw uçar: 130dB.

Monster kompaniýasynyň çykarýan Beats By Dr. Dre nauşnikleriniň şeýle görkezijileri bar:

Ýygylygy: 20Gs – 20 000 Gs

Duýujylygy: 110dB

Ses çykyrajylyk derejesi 115db.

Eger şu görkezijilerden ugur alsak, şu nauşnikler zyýansyzdyr diýip bilmeris. Sebäbi 90dB-den ýokary bolan nauşnikler adamyň eşidiş ukubyny peseldýär. Şonuň üçin-de eşidiş ukybyňyzy peselmezligiň Siziň hut özüňize baglydygyny unutmaň.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4632 gezek okalan