Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝÜZÄRLIK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýüzärlik oty biziň halkymyzyň arasynda giňden ýaýran we dürli dertlere em etmek üçin ulanylýan ösümlikdir. Ony diňe derman üçin däl-de, hatda ony senagat hajatlary üçin hem ulanyp, ondan reňk alypdyrlar. Halk arasynda, onuň tüssesini howada bar bolan dürli ýokançlyklary ýok etmek üçin hem ulanýarlar. Ýüzärligiň dänesini owradyp we ak ýag bilen garyp, basyryp, on günläp goýup, guragyry keselinde melhem görnüşinde hem ulanýarlar.

Onuň dänesini içgeçme ýagdaýlarynyň öňüni almak üçin hem kabul edýärler. Ýüzärligiň suwuna gijilewik keselinde suwa düşme, onuň dänelerini bolsa peşew çykaryş ulgamynyň sowuklama kesellerinde çaýa garyp içmek maslahat berilýär.

Ýüzärligiň çaýynyň çilim çekmäni goýmakda hem kömegi uludyr. Ýüzärlikden balzam ýasamak üçin, onuň 200 gr ter otuny owratmaly we üstüne iki stakan gaýnan suw guýup, 7-8 sagat saklamaly. Soňra ony süzgüçden süzüp, nahardan 30 min öň her gün 3 gezek 3-5 damjadan
içmeli.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 7932 gezek okalan