Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

E WITAMINI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Hormatly okyjy!

Witamin E ady bilen öz himiki düzümi we biologiki täsirliligi meňzeş bolan birnäçe birleşmeler (tokoferellar) bellidir. Olar ýaş bugdaý dänelerinde, ösümlik ýaglarynda (günebakar, pagta, mekgejöwen, zeýtun), etde, süýtde, ýumurtgada, maňyzlarda köp mukdarda saklanyp, bedende belogyň emele gelmeginde, öýjükleriň täzelenmeginde we olaryň alyş-çalyş ýagdaýlaryny kadalaşdyrmakda bu witaminiň orny uludyr.

Soňky ýyllarda, bu witaminiň ýaglaryň okislenmegini togtatmaga ukyply häsiýetleri (antioksidant) ýüze çykarylyp, ony dermatomiozitleriň, dermatozlaryň, psoriazda, aýbaşy bozulmalarynda, gözüň kesellerinde, göwreliligiň düşme ýagdaýlarynda, erkekleriň önelgelilik ulgamynyň kesellerinde ulanmaga mümkinçilik döretdi.

Witamin E kabul etmek üçin kapsula we flakonda, sanjym üçin bolsa ampulada öndürilip, ol ençeme witaminli we minerally derman serişdeleriň (Gendewit, Witrum, Zinerit, Elewit we başgalar) düzüminde saklanýandyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 3313 gezek okalan