Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

UKSUS (SIRKE) IÇEN ADAMA NÄHILI KÖMEK BERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (7 Ses)

Hormatly okyjy!

Uksus turşylygy (sirke) bilen zäherlenmede berilýän ilkinji kömek ony iýmit siňdiriş ulgamyndan çalt aýyrmaga gönükdirilen bolmalydyr. "Tiz kömek" çagyrylandan soň, aşgazany sowuk (ýyly bolmadyk) suw bilen ýuwmaga synanyşmalydyr. Onuň üçin 8-10 litr suw gerek bolar. Dörän agyrylara garamazdan, heläk bolana bu çäräni geçirmegiň zerurlygyny düşündiriň.

Aşgazany ýuwmazdan öň, mümkinçilik bolsa papaweriniň ýa-da atropiniň erginini deriasty goýbermäge çalşyň. Bu serişdeler agyrylary gowşatmaga kömek edip biler. Sonuň ýaly-da, allergiki täsirliligiň öňüni almak üçin dimedrolyň ýa-da suprastiniň erginini goýberiň.

Sirkäniň weýran edijilik häsiýetini aýyrmak üçin heläk bolana nahar sodasynyň erginini, süýt beriň. Ýokarda agzalan çäreleri sirkäniň köp mukdarynyň kabul edilmedik ýagdaýynda geçirmek maslahat berilýär.

Eger turşulygyň köp mukdary kabul edilen bolsa, aşgazany ýuwmak düýbünden gadagandyr! Bu çäräniň geçirilmegi gaýtarmanyň güýjemeginiň, onuň dem alyş ýollaryna düşmeginiň sebäbi bolup biler. Ondan başga-da, bu çäre aşgazanyň giňelmeginiň we ondan gan akmanyň güýjemeginiň sebäbi bolup biler. Onuň ýaly ýagdaýda, tizden-tiz "Tiz kömegi" çagyrmalydyr.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 6296 gezek okalan